Ï Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi

view-icon 4404

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar ulgamlaýyn hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Aşgabatda şeýle derejedäki duşuşygyň geçirilmegi-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn dialoga açykdygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürmek bilen, Türkmenistan sebit we ählumumy derejede, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde tebigaty goramak boýunça özara hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. ÝHHG-niň Merkezi Aziýadaky maksatnamalary we taslamalary, bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ekologik meseleleri çözmäge ýardam bermek üçin bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu guramanyň goldaw bermeginde Aşgabatda guralan duşuşygyň gün tertibi hem daşky gurşawy goramak meselesiniň sebitiň ýurtlary, ÝHHG we tutuş halkara jemgyýetçilik üçin ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek, bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.

ÝHHG-niň Baş sekretary bu duşuşygy gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we onuň maksatlarynyň ozalky ugurdaş forumlarda başy başlanan esasy meseleleri hem-de olary çözmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmekde, özara hyzmatdaşlygyň amaly gurallaryny döretmekde, anyk netijeleri gazanmak üçin tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmekde möhümdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurdaky ähli esasy halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyşmak bilen, ýurdumyz dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawyň howpsuzlygyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de çölleşmä garşy göreşmek baradaky teklipleri we beýlekiler bar.

Daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan halkara guramalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde sebit üçin aýratyn ähmiýetini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýär. Mälim bolşy ýaly, şundan ugur alyp, ýurdumyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça ÝHHG-niň forumyny geçirmek teklibi öňe sürüldi.

Ekologik meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyjy ýurt hökmünde Türkmenistanyň ýokarda agzalan ugurlara degişli esasy köptaraplaýyn resminamalary tassyklandygy nygtaldy. Döwletimiziň bu ugurdaky eýeleýän orny Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy. Onuň çäklerinde giň gerimli maksatnamalaýyn çäreler alnyp barylýar, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilige ekologik taýdan arassa we az galyndyly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny yzygiderli azaltmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde her ýyl agaç nahallarynyň millionlarça düýbi ekilýär.

Şeýle hem 2022-nji ýylda Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň tassyklanandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu resminamadan gelip çykýan çäreler durmuşa geçirilýär, 2025-nji ýylda bolsa ony täzelemek boýunça işler geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we bu ugurda halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda sebit we ählumumy derejede netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna wekilçilik edýän duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hem-de geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda taryhy-medeni gatnaşyklaryň, Merkezi Aziýa döwletlerini, sebiti ösdürmek we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklar babatda dürli ugurlar boýunça pikirleriňdir garaýyşlaryň meňzeşdigi, onuň islendik meseläni bilelikde üstünlikli çözmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Howanyň üýtgemegine we oňa uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, bu meseleler boýunça habarlylygy artdyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna üns çekildi. Suw we oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, galyndylary dolandyrmak, zyýanly zyňyndylary azaltmak, ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurlarda sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ekologiýa, suw diplomatiýasyny ösdürmäge, “akylly” şäherleriň taslamalaryna möhüm goşant goşandygy nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde döredilen Arkadag şäheri muňa mysal hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi we döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hem-de şeýle görnüşdäki dialogyň dowam etdirilmeginiň sebitde durnukly ösüşi, abadançylygy gazanmaga, daşky gurşawy goramagyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge, geljek nesiller üçin umumy tebigy mirasy gorap saklamaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

***

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman özüniň Türkmenistana saparynyň ekologik meselelere bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy bilen baglanyşyklydygyny belläp, geçirilen geňeşmeleriň möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hanym Helga Şmid gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň häzirki wagtda ÝHHG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy.