Ï Türkmenistanyň we Özbegistanyň metrologiýa institutlary tejribe alyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistanyň metrologiýa institutlary tejribe alyşýar

view-icon 2915
Türkmenistanyň we Özbegistanyň metrologiýa institutlary tejribe alyşýar

«Uzstandart» agentliginiň ýanyndaky «Özbek milli metrologiýa instituty» döwlet kärhanasynyň wekiliýeti 4–9-njy mart aralygynda Türkmenistanyň «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezinde iş saparynda bolýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň metrologiýa institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2021-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasyna esaslanýar, onuň durmuşa geçirilmegi üçin metrologiýa pudagynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada bilelikdäki maksatnama tassyklanyldy.

Ozal iki institutyň hünärmenleriniň arasynda internet arkaly wideomaslahat görnüşinde duşuşyklar geçirilýärdi, bu duşuşyklarda bar bolan enjamlaryň mümkinçilikleri, temperatura, basyş, agram, güýç, kiçi göwrüm, elektrik ölçegleri we bu ugurda gazanylan netijeler ýaly ölçeg görnüşleri boýunça birliklere bölme usullary ara alnyp maslahatlaşylýardy.

Häzirki duşuşyk Germaniýanyň RTW Fizika we tehnika institutynyň «Merkezi Aziýa ýurtlarynda hil infrastrukturasyny güýçlendirmek» taslamasynyň goldawy bilen geçirilýär. Geljekde bilelikdäki maslahatlary geçirmek, tejribe alyşmak we beýleki çäreleri amala aşyrmak üçin maglumat alyşmaklyk, hünärmenleriň özara saparlary meýilleşdirilýär.

Metrologik institutlaryň işleşmegi bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine goşant goşar we halkara standartlaryna laýyklykda halkara akkreditasiýa taýýarlygynyň hiline oňyn täsir eder. 

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň wezipesi Türkmenistanyň halk hojalygyny bitewi ölçeg ulgamy we synag hem ölçeg gurallaryna ygtybarly döwlet gözegçiligi bilen üpjün etmekdir. Ölçegler söwda, maddy baýlyklary hasaba almak, meýilleşdirmek, önümleriň we hyzmatlaryň hilini üpjün etmek, şeýle hem ýurtda tehnologiýany we lukmançylygy ösdürmek üçin ýokary ähmiýete eýedir.