Ï Tbiliside Türkmenistanyň Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tbiliside Türkmenistanyň Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşdy

view-icon 3785
Tbiliside Türkmenistanyň Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim  türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çäre şu ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine, şeýle hem 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda, Ilçi “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek, bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan esasy ugurlary boýunça öňümizdäki amala aşyrylmaly işleriň we çäreleriň meýilnamasyny bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi.

Şeýle-de ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we sosial çygyrlarynda gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi, energetika, ulag, ekologiýa pudaklarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny durmuşa geçirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça esasy wezipelere we beýleki meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda döwletimizde ähli ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, hususan-da, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň geljegine aýratyn üns berilýändigi barada Ilçi aýratyn belläp geçdi.