Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Beýik işler – ýaş žurnalistleriň ylhamy» diýen at bilen žurnalistika kafedrasynyň hepdeligi geçirildi.
Hepdeligiň maksatnamasy ýurdumyzyň žurnalistikasynyň taryhyna we häzirki döwrüne, bu ulgamda gazanylanlara we ähmiýetli wakalara, şeýle hem žurnalistikany öwrenýän hem-de bu ajaýyp we üýtgeşik, gyzykly hünäri saýlan talyp ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlandy. Hepdeligiň açylyş dabarasynda ýokary okuw mekdepde bilim alýan geljekki žurnalistleriň mazmunly çykyşlary ýaňlandy. Şolarda hünär saýlap almak, okamak, hünär taýdan kämilleşmek we ösmek üçin ýurduň ýaşlaryna döredilen giň mümkinçilikler barada gürrüň berildi.
Şeýle hem hepdeligiň dowamynda žurnalistika kafedrasynyň professorlary we mugallymlary bilim alýan ýaşlar üçin «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň şamçyragy» hem-de «Arkadagly Serdaryň parasatly syýasatynyň döwürleýin metbugatyň sahypalarynda beýan edilişi» diýen temalar boýunça açyk umumy sapaklary geçirdiler.
Bulardan başga-da Gündogaryň ajaýyp şahyrynyň we filosofynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti barada düzme ýazmagyň bäsleşigi geçirildi. Beýleki çäreler zehinli nusgawy şahyryň şanly senesine bagyşlandy. «Ýyllyk işleri ýazylanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmek» boýunça konsultatiw okuwy netijeli geçdi. Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlaryň äheňinde taýýarlanyp sahnalaşdyrylan teatr oýunlarynyň bäsleşigi hem-de şahyryň eserleriniň çeper okaýyşlary talyplaryň zehinlerini we döredijilik ukyplaryny açmaga mümkinçilik berdi.
Türkmen žurnalistikasynyň ussat halypalary bilen duşuşyklar talyplaryň hünär babatda dünýä garaýyşlarynyň giňemegi üçin aýratyn ýatda galyjy, örän peýdaly we ähmiýetli boldy.
Ýokary okuw mekdebinde žurnalistika kafedrasynyň hepdeliginiň ýapylyşynda çärä işjeň gatnaşan professorlara, mugallymlara hem-de talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.