Ï Türkmen zenanlarynyň ylmyň ösüşine goşantlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen zenanlarynyň ylmyň ösüşine goşantlary

view-icon 3392
Türkmen zenanlarynyň ylmyň ösüşine goşantlary

Zenanlar ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, şol sanda, ylmyň, innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň ösüşine möhüm goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Jeren Sylapowanyň ýolbaşçylyk edýän täze maddalaryň sinteziniň tehnologiýasy barlaghanasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri muňa anyk mysaldyr. Onuň ýolbaşçylygynda ylmyň ýurdumyzyň halk hojalygy üçin geljegi uly we möhüm ugurlary ýaş alymlar – zenanlar tarapyndan ösdürilýär.

Barlaghananyň işgärleri Türkmenbaşy şäherindäki «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň desgalarynda ýokary oktanly böleklerden alnan uçar benzininiň kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamaga gatnaşdylar. Olaryň barlaglary ekologiýa taýdan arassa B-92 uçar benzininiň öndürilmegine goşant goşdy. Bu benzin An-2 uçarlar üçin ýangyç hökmünde ulanylýar.

Barlaghananyň ýaş işgärleriniň gazananlarynyň arasynda topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we gurluşyny gowulandyrmak üçin oba hojalygynda senagat, däne we gök ekinleri üçin ulanylýan garma dökünleri öndürmek tehnologiýasyny işläp düzmek-de bar. 2023-nji ýylda ýaş alymlar bäsleşiginiň we «Geljege nazar» atly Ýewraziýa patent uniwersiadasynyň ýeňijisi, öňdebaryjy inžener Enejan Kulyýewa mineral dökünleriň galyndylaryny çig mal hökmünde ulanyp, garyşyk dökünleri aldy. Işlenip düzülen usul önümçilige teklip edildi we girizildi. Bu önümçiligiň döredilmegi ykdysady taýdan maksada laýyk we ekologiýa taýdan howpsuzdyr.

Barlaghananyň uly ylmy işgäri Dünýägözel Amannazarowa tarapyndan teklip edilen nebit zerarly hapalanan topragy arassalamagyň geljegi uly biotehnologik usuly bilen nebiti we nebit önümleriniň galyndylaryny netijeli hem ekologiýa taýdan howpsuz ulanmak üpjün edilýär. Onuň geçiren barlaglary mikroorganizmleriň türkmen bankyny – nebiti ýok edijileri döretmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem barlaghananyň aspiranty Gülşat Soltanmyradowa öz dissertasiýasynda «Ýerli çig maldan magniý birleşmelerini almagyň tehnologiýalaryny» işläp düzýär. Ol magniý birleşmelerini sintez etmek maksady bilen, dolomitiň we bisofitiň himiki düzümini we häsiýetlerini öwrenýär. Ýene bir aspirant Ejebaý Atalykowa nebit çykarylanda ýüze çykýan galyndylardan litiý çalgy serişdelerini almak mowzugynyň üstünde işleýär. Onuň işleýän ýokary fiziki we himiki häsiýetleri bolan litiý motor ýaglaryny öndürmek tehnologiýasy import harydyň ornuny tutýar we eksport ähmiýetine eýedir.

Barlaghananyň müdiri Jeren Sylapowa ylmy işgärleriň nesilleriniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin ýaşlary ylma çekmek ugrunda köp iş edýär. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan bilelikde döredilen organiki himiýa kafedrasynda talyplar bilen ýörite dersler boýunça sapaklar geçirýär, tejribe işleriniň alnyp barlyşyna we diplom işleriniň taýýarlanyşyna gözegçilik edýär.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Çemen Amanowa bilen Aýnur Orazmämmedowanyň Jeren Sylapowanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiren taslama işleri «Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginde baýrakly ýerleri eýeledi.