Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň berkligi boýunça III Halkara olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň berkligi boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

view-icon 4330
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň berkligi boýunça III Halkara olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň berkligi» dersi boýunça III Açyk halkara Internet-olimpiadasyny geçirer.

Çäräniň guramaçylyk toparynda habar berişleri ýaly, eýýäm dünýäniň 15-e golaý ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Rumyniýadan we beýleki döwletlerden ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiada gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Gatnaşjaklary bellige almak dowam edýär. Haýyşnamalary kabul etmek 28-nji marta çenli dowam eder. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk ýokary okuw mekdebi taýýarlyk ugruna we ýokary okuw mekdeplerde ýöriteleşmesine garamazdan, bu derse höwes bilen gyzyklanyp isleg bildirýän talyplaryň ählisini olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada 29-njy martda başlanar we onlaýn arkaly aýratynlykdaky ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Gatnaşýanlara 6 ýumuş taýýarlanyldy, şolary çözmek üçin 120 minut berler. Olimpiadanyň işi üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar.

Bäsleşigiň öňdebaryjylaryny düzümine türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girjek abraýly eminler kesgitlärler.

Internet-olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Olimpiadanyň ýumuşlaryny adaty bolmadyk usul bilen çözüp, tapawutlanan talyplara Ýörite diplomlar gowşurylar.

Olimpiadanyň geçiriliş düzgünleri bilen institutyň https://tdbgi.edu.tm saýtynda Halkara we döwlet olimpiadalary bölüminden tanşyp bolar. Goşmaça maglumatlary (+99312) 28-18-05, (+99365) 314464; (+99365) 814482 telefon belgilere jaň edip hem-de amanovmerdan73@gmail.com; tdbgiob@gmail.com elektron salgy arkaly alyp bolar.

Olimpiada Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdeplerini öňdebaryjy halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmäge degişli çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalara laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, ýaşlaryň dürli ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmak we höweslendirmek, talyplaryň intellektual zähmet bilen baglanyşykly geljekki hünärlerini saýlap bilmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek şu gözden geçirilişiň baş maksatlarynyň hatarynda durýar.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, şeýle olimpiadalaryň geçirilmegi ylym, ylmy-barlag işleri bilen hyjuwly meşgullanýan, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly çylşyrymly meseleleri başarnykly we özbaşdak çözmäge ukyply talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Olimpiada gatnaşmak dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna bilimlerini, zehinlerini, iş başarnyklaryny hem-de intellektual ukyplaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berer.