2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda B.Mirzaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän uniwersiteti barada gürrüň berip, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.