Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi we etrap bilim bölümi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmeginiň çäginde Lebap welaýatynda ýerleşýän orta asyr taryhy we medeni ýadygärlige – beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň okan Idris baba medresesine gezelenç gurady.
«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – milli terbiýäniň nusgasy» atly çäre Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana dünýäsine bagyşlandy. Onda ýaşlar durmuşyň birnäçe möhüm soraglaryna jogap tapyp we onuň mizemez döredijilik mirasynyň terbiýeçilik ähmiýetine göz ýetirip bilerler.
Bu çärä gatnaşan ýaşlar medresäniň taryhy bilen tanyşdylar, nusgawy şahyryň Watana, onuň tebigatyna, dostluga we wepalylyga bagyşlanan goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň milli terbiýe mekdebiniň esasyny düzýändigini bellediler we häzirki gülläp ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň beýik watançy we ynsanperwer şahyryň welilik bilen aýdan sözleriniň janly şaýadydygyny nygtadylar.
Idris baba medresesi esaslandyryjynyň adyny göterýän gadymy bilim ojagydyr. Rowaýata görä, Idris baba, takmynan, 1690-njy ýylda şu sebitde doglup, ýüz ýaşa çenli ömür sürüpdir. Döwrüniň ýokary bilimli şahsyýetlerinden biri bolan halypa öz başlangyjy bilen gurlan okuw jaýynda dürli ylymlary okadyp, mynasyp dowamçylaryny ýetişdiripdir. Dogduk obasyndan agyr ýol söküp, Magtymguly-da hut şu medresä okamaga gelipdir.
Lebaplylar halka aň-bilim beren ildeşleri Idris babany hormat bilen hatyralaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa bu taryhy ýadygärlige barýan ýoly täzeden gurmak işleri alnyp barylýar.