Ï Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça olimpiada geçiriler

view-icon 4725
Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça olimpiada geçiriler

Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar.

Olimpiadanyň esasy maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary we geosyýasat ulgamynda intellektual başarnyklaryny we ukyplaryny ýüze çykarmakdan, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, okuw-bilim tejribesini alyşmaga, ylmy-bilimleri özara bähbitli alyşmaga ýardam bermekden, häzirki zamanyň ylmy we amaly wezipelerini çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek geçiriljek çäräniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. 

Olimpiadany Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de 22–25-nji maý aralygynda geçirmeklik bellenildi. Oňa gatnaşmaga döwletleriň hersinden bir mugallymyň ýolbaşçylygynda üç talyp çagyrylýar. Olimpiada aýratynlykdaky we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Olimpiada işi üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar. 

Deslapky maglumatlara görä, gatnaşjaklara halkara gatnaşyklarynda we geosyýasy modelirlemede häzirki zaman ýagdaýlar; halkara gatnaşyklaryny we halkara işlerini öwrenmekde matematikanyň we matematiki modelirlemäni ulanmagyň täze ugurlary; halkara gatnaşyklary ulgamyny öwrenmekde matematiki usulyýetleriniň ulanylyşy; halkara syýasatyny modelirlemekde täze maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy; halkara ulag logistikasynda ählumumy ýagdaýlary seljermek; halkara logistikanyň sanly ulgama geçişiniň öwrenilişi; daşary syýasy seljermäniň ösüşi, bu babatda ylmy-amaly barlaglara ýardam bermek we şulara meňzeş ugurlar boýunça meseleler teklip ediler. 

Olimpiadanyň eminleriniň düzümine gatnaşyjy toparlaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri girer. 

Olimpiadanyň ýeňijileri medallar hem-de degişli derejeli diplomlar, şeýle hem Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanarlar. 

Olimpiada barada goşmaça maglumat Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtynda ýerleşdiriler.