Ï Türkmenistanda energiýa netijeliligini üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribe öwrenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda energiýa netijeliligini üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribe öwrenilýär

view-icon 2825
Türkmenistanda energiýa netijeliligini üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribe öwrenilýär

Türkmenistanda energiýa tygşytlylygy pudagynda halkara tejribesini öwrenmek üçin çäreler geçirildi.

Ol «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyna energiýa netijeliligi boýunça innowasion «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegi» temasyndan bilim beriji halkara seminar maslahatydyr.

Bu çäreler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegidir. Olar Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän «Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşygy» taslamasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary, bu ýokary okuw mekdebiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşanlar energiýa netijeliligini üpjün etmek üçin innowasion tehnologiýalar bilen tanyşdylar we energiýa gözleglerini geçirmegiň usullaryny öwrendiler. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we BMG-niň ÖM-yň hünärmenleri bilen bilelikde energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary üçin umumy sapak geçirildi.

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyna energiýa netijeliligi boýunça innowasion «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegi» halkara maslahatda ýaşlar bilen arassa energiýany ilerletmek boýunça iş ara alnyp maslahatlaşyldy.