Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiadalary hem-de maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiadalary hem-de maslahat geçirer

view-icon 5992
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiadalary hem-de maslahat geçirer

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde halkara olimpiadalaryň ikisini hem-de ylmy-amaly maslahat geçirer.

Makroykdysadyýet we dünýä ykdysadyýeti boýunça açyk halkara internet olimpiadalary Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýär. Her ýokary okuw mekdebinden gatnaşmaga talyplaryň taýýarlyk ugruna garamazdan dört talypdan çagyryldy.

Makroykdysadyýet boýunça olimpiada ýokary okuw mekdebinde 12-nji aprelde geçiriler, oňa gatnaşjaklaryň saýlanyp alnyşy 25-nji martda tamamlandy.

Dünýä ykdysadyýeti boýunça olimpiada 16-njy maýda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin haýyşnamalaryň kabul edilmegi 25-nji aprele çenli dowam eder. Olimpiadada çykyş etmek isleýänler tsiem.olymp@gmail.com, yazgeldi73@gmail.com elektron salgy boýunça özleri baradaky maglumatlary ibermelidirler. Haýyşnamany doldurmagyň nusgasy institutyň saýtynda ýerleşdirildi.

Olimpiadalaryň ikisi hem aýratynlykdaky bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Her olimpiada gatnaşyjylar üçin 10 ýumuş taýýarlanyldy, olary çözmäge 120 minut (2 sagat) berler.

Olimpiadalaryň eminleriniň düzümine gatnaşyjy ýurtlaryň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girer. Olimpiadalaryň ýeňijileri toplanan utuklaryň möçberi boýunça kesgitlener we degişli derejedäki diplomlar bilen sylaglanar. Alty ýumşy üstünlikli ýerine ýetiren, ýöne, baýrak eýeleriniň hataryna girmedik talyplara Hormat hatlary gowşurylar.

26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda onlaýn görnüşde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri çagyryldy.

Halkara ylmy-amaly maslahat 3 ugur boýunça geçiriler:

I bölüm. Maliýe bazarlary we durnukly ykdysady ösüş.

II bölüm. Maliýe bazarlarynyň ösüşinde banklaryň eýeleýän orny.

III bölüm. Maliýe bazarlary we maýa goýum işjeňligi.

Maslahata gatnaşjaklar tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça 10-njy aprele çenli çykyşlarynyň mazmunyny guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Geçiriljek halkara çäreleriň ählisi türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Olimpiadalar we maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň ýokarda görkezilen saýtynda ýerleşdiriler hem-de täzelenilip durlar.

Guramaçylar meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçirilmeginiň oňa gatnaşyjylara özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri hem-de tejribeleri bilen alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berjekdigine, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ählumumy wezipäni durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.