Aşgabatda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň yglan eden iň gowy eko-şygar bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden tebigaty söýýänler tebigy baýlyklary goramaga çagyrýan şygarlary iberdiler. Olaryň ählisine hem hoşallyk hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
– Daşky gurşawy goramak boýunça işjeň ornuny beýan etmek isleýän ululardan we çagalardan 30-dan gowrak hat aldyk – diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmadowa gürrüň berýär. Çärä gatnaşanlaryň hemmesi täsirli şygar düzmäge özboluşly we döredijilikli çemeleşdiler. Käbiri şygyr görnüşinde şygar iberdi, munuň üçin aýratyn hoşallyk bildirýäris. Geljekde bäsleşige hödürlenen şygarlar wideoşekillerimizde we ekologik çärelerimizde ulanylar.
Bäsleşige işjeň gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary boldy. Halkara gatnaşyklary fakultetiniň birinji ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew bäsleşige «Arassa tebigat – howpsuz durmuş» şygary iberdi. Bu talyp çagalykdan biologiýa bilen gyzyklanýar we geljekde diplomat bolmak islese-de, daşky gurşawy dolandyrmak we ekologiýa meseleleri onuň üçin hemişe wajyp hem möhüm meseledir.
– Indi men talyplaryň arasynda geçirilýän «Eko-arzuwyňyzy amala aşyryň!» ekologiýa taslamasy bäsleşigine gatnaşmakçy. Meniň işimi eminler bellärler diýip umyt edýärin – diýip, ol gürrüň berýär.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy öz resmi saýtyny açmagy, ýaş ekologlar toparyny we Türkmenistanyň ähli ýerlerinde guramanyň wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň maksady ilatyň, esasanam ýaşlaryň ünsüni tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmaga ünsi çekmekdir. Galyberse-de, bäsleşige iberilen şygarlaryň birinde aýdylyşy ýaly: «Watana söýgi tebigata bolan söýgüden başlanýar».