Şu ýylyň ýazynda bag ekmek möwsüminiň başlanmagy bilen tutuş ýurdumyzda medeni we tebigy zolaklarda bagçylyk tokaý döretmek işleri alnyp barylýar, ýurduň goraghanalarynda, nahalhanalarynda, synag-tejribe meýdançalarynda ekologlaryň köpeldýän Gyzyl kitaba girizilen, seýrek, dermanlyk we ösümlik dünýäsiniň özboluşly görnüşlerini ekmek işleri güýçlendirildi.
Bu çäreler Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň düzgünlerine laýyk gelýär, olar ekinli ýerleriň, meýdançalaryň araçäkleriniň ösümlik örtügini we berk goralýan tebigy ýerleriň çäklerinden daşarda ösümlik örtügini berkitmäge kömek edýän ylmy ekişleri hem göz öňünde tutýar. Goraghanalaryň içinde tebigaty öwreniş kadalaryna laýyklykda asyl görnüşinde saklanylýar.
Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynda ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň we Ahal welaýatyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň gatnaşmagynda ýabany ösümlikleri oturtmak boýunça köpçülikleýin işler geçirildi. Ol goraghananyň özünde we Bakja derýasynyň boýunda geçirildi, derýanyň kenarýaka bölegi plastmassa we beýleki galyndylardan arassalandy, bu ýerde miweli agaçlar ýaly onlarça ýaş ýaprakly ösümlikler oturdyldy. Goraghananyň ýaşulusy D.Seýitmuhammedow kanallaryň we derýalaryň kenarlaryny berkitmek tejribesiniň landşafty gorap saklamagyň uzakmöhletleýin işdigini we geljekde dag derýalarynyň akýan pesliklerdäki nahallaryň agaçlara ýerli ösümliklere garyşyp gitjekdigini nygtady. Ösümlikleriň ýabany görnüşleriniň ýerli toprak-howa şertlerine has gowy uýgunlaşmak üçin derýa sebitiniň topragyny we ösümlik örtügini berkitmek, suwlaryny goramak we onuň üstüni ýetirmek we kiçijik janly-jandarlaryň tomus aýlary ýerli tokaýlaryň kölegesinde gizlenip ýaşaýan ýerinde amatly şertleri döretmek üçin ulanylýar. Soňky ýagyşdan soň toprak ýagşy suwlandy, ähli nahallarymyz kök urup, ýerli ekoulgamyň bir bölegine öwrüler diýip umyt edýäris. Olar goraghananyň çäginde ösdürilip ýetişdirildi, indi olary tebigy gurşawa geçirýäris, olaryň ekilen ýerinde bolsa täze nahallar ekiler. Bu iş üznüksiz dowam edýär.
Ekologlar we tebigaty söýýänler «Bakja» synag meýdançasyna pisse agajynyň ýerli görnüşleriniň tohumlaryndan hakyky pisse ekdiler. Ep-esli ýere 150 nahal oturdyldy. Ýigrimi töweregi badam, şonça-da türkmen arçasynyň nahaly ekildi. Tikenekli arçada uzak wagtlap tikeneklemeýär, takmynan, on ýyllyk arçalar ozalkylaryň üstüni ýetirdi, indi olaryň sany ýüze ýetdi. Ýaş nahallar ýapgyt pes depäniň bir tarapyny tutýar. Nahal ekmeklige işçiler hem ýaşuly işgärlerem gatnaşdylar; her kimiň öz eli bilen arçasyny ekesi ýa-da olary daşasy, ýerini saýlasy, depä çenli eltesi, çukuryny gazasy, suwarasy gelýärdi. Köpçülikleýin işleriň netijesinde her kimiň öz arçasy, umuman, birnäçe nahaly boldy. Arça ýylda 3-5 santimetr össe-de, ýöne 600-800 ýyllyk gymmatly bagdyr. Ýazda meýilleşdirilýän ekişler mart aýynyň ahyryna çenli dowam eder we bu işe güýzde gaýtadan başlanylar; olaryň sany Daşky gurşaw ministrliginiň çärelerinde kesgitlenýär.
Goraghananyň direktory B.Ataýewiň belleýşi ýaly, bu çärä elli adam gatnaşdy, her kimiň peýdaly iş edesi gelýärdi, hiç kim bu işden çetde durmady, adamlar derýa boýuny tertibe salmak, tebigat üçin peýdaly we zerur bir zat etmek üçin geldiler, tebigy ýerleriň tokaýlaşdyrylmak işine, hormatly Prezidentimiziň türkmen topragyny gülläp ösýän baglara öwürmek üçin uzakmöhletleýin hereketiň düzgünleşdirilmegini kadalaşdyrýan Kararyny ýerine ýetirmäge goşandy hemmeleri ruhlandyrdy. Şu günler goraghananyň Germap, Mäne-Çäçe, Nowrekçeşme, Guryhowdan, Gäwers bölümlerinde täze ekin ýerleri kemala gelýär; nahallary ekologlaryň özi ýetişdirdiler.
Ömrüniň otuz ýylyny kärine we tebigaty goramak pudagyna bagyşlan daşky gurşawy goramak boýunça gözegçi A.Mergenow tebigy baýlygy gorap saklamak üçin diňe bir goralýan ýerleriň däl, eýsem, ilatyň köpçülikleýin dynç alyş ýerleriniň, dowar sürüleriniň öri meýdanlaryna-da gözegçilik edýändigini gürrüň berdi, ol ýerlerde düşündiriş işleri geçirilýär we maslahat berilýär, tebigata zelelsiz dynç almak, ýangyn howpsuzlygy we daşky gurşaw howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek düşündirilýär. Ýaşlara we ýaş nesilleriň arasynda tebigatda eko-medeniýeti terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Bu maksat bilen, çäreler meýilnamasy mekdeplere we çagalar sagaldyş merkezlerine baryp görmegi göz öňünde tutýar. Ýakyn wagtda çagalar sagaldyş merkezlerine ýanaşyk ýerler gözden geçiriler, bu ýerlerde aprel-maý aýlarynda oýanan howply süýrenijileri tutmak işleri başlanar. Şunuň bilen baglylykda we tomusky dynç alyş günleri ýylana gabat gelnende özüňi nähili alyp barmalydygy, olaryň awuly (ýurdumyzda olaryň dört görnüş – kepjebaş, göklors, şitomordnik we alahöwren bar, olaryň daşky görnüşi we endikleri tapawutly) görnüşlerini zyýansyz sowuk ganly ýylanlardan nädip tapawutlandyrmalydygy barada çagalar üçin sapaklar geçiriler. Şeýle çäreleri bagçylyk we maldarçylyk hojalyklarynda hem geçirmäge çalyşýarys, howpsuzlyk çäreleri barada ýatladýarys. Zäherli ýylanlaryň arasynda «Gyzyl kitaba» girizilenleriň bardygyny hem ýatladýarys we olaryň tebigy köpdürlülige berýän peýdalary hakda gürrüň berýäris.
Nahal ekmäge gatnaşan az sanly zenanlar ekişiň Gündogar halklarynyň sarpalaýan Halkara Nowruz baýramyna gabat gelendigini bellediler. Şu günler toprak täzeden oýanýar, owadan görke girýär, bizem ony öz zähmetimiz bilen bezeýäris. Şu döwrüň möhüm ekologiýa seneleriniň halkara senenamasynda Toprak güni, Halkara tokaý güni we Bütindünýä suw serişdeleri güni diýilmegi tötänden däldir.