Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty sopromat boýunça III halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty sopromat boýunça III halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 4007

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Materiallaryň durnuklylygy» dersi boýunça III açyk halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi. Ol Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu ýokary okuw mekdep tarapyndan guraldy.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň 121-si baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolardan talyplaryň 19-sy birinji, 39-sy ikinji we 63-si üçünji orny eýelediler.

Türkmen talyplary özleriniň ajaýyp netijesini görkezdiler, olar orunlaryň 11-sini gazandylar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Aýlar Hommadowanyň has köp utuk toplap, olimpiadanyň ýeňijileriniň sanawynda birinji orny eýeländigini bellemek gerek. Şol sanawa bu ýokary okuw mekdebiň ýene-de bir talyby Guwanç Gurbanow hem girdi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Muhammetmyrat Kakageldiýew, Ahmet Tukatow we Polat Mämmedow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Bazarbaý Rozykulyýew we Akgözel Saparaliýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Abdyresul Kakabaýew we Arkaçmuhammet Kerimow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Magtymguly Şiriýew we Arslan Atageldiýew birinji orunlara mynasyp boldular.

Has köp möçberde – 28 sany ikinji we 27 sany üçünji baýrakly orunlary hem biziň talyplarymyz eýelediler. Olar ýokarda görkezilen hem-de Türkmenistanyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine mynasyp wekilçilik etdiler. Şol ýokary okuw mekdepleriň hatarynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bar.

Olimpiadada daşary ýurtdan gatnaşyjylar – dünýäniň iri we abraýly uniwersitetleriniň wekilleri üstünlikli çykyş etdiler. Ugandanyň (Gündogar Afrika) Makerere uniwersitetiniň, Sian binagärlik we gurluşyk uniwersitetiniň hem-de Çanan uniwersitetiniň (Hytaý), Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň (Özbegistan), Sibir döwlet ýollary uniwersitetiniň we Milli barlag Moskwa döwlet gurluşyk uniwersitetiniň (Russiýa) talyplary ýeňijileriň sekizligine girdiler.

Şu we görkezilen ýurtlaryň ençeme beýleki ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Täjigistanyň, Ukrainanyň, Belarussiýanyň, Türkiýäniň wekilleri ikinji we üçünji baýrakly orunlaryň 47-sini eýelediler.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Olimpiadanyň ýumuşlaryny adaty bolmadyk usul bilen çözüp tapawutlanan talyplara ýörite diplomlar gowşuryldy.

Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, geçirilen olimpiada ýaşlaryň özbaşdak işlemek hem-de ylmy taýdan pikirlenmek başarnyklaryny, ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny ösdürmäge ýardam etdi we oňa gatnaşyjylara intellektual ukyplaryny giňden görkezmäge mümkinçilik döretdi. Talyplaryň bäsleşigi talyplaryň ders boýunça bilim derejelerine baha bermäge, has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.