Ï Türkmenistanyň Kanuny Gidrometeorologiýa işi hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Gidrometeorologiýa işi hakynda

view-icon 7199

Şu Kanun gidrometeorologiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) gidrometeorologiýa — gidrologiýany we meteorologiýany öz içine alýan, Ýeriň gidrosferasy we atmosferasy hakyndaky ylymlaryň toplumy;

2) gidrologiýa — tebigy suwlary, olaryň atmosfera we litosfera bilen özara täsirlerini, şeýle hem suwlarda bolup geçýän hadysalary we prosesleri öwrenýän ylym;

3) meteorologiýa — Ýeriň atmosferasynyň gurluşy we häsiýetleri, onda bolup geçýän fiziki-himiki prosesler baradaky bilimiň ylmy-tejribe ähmiýetli ugry;

4) awiameteorologiýa — meteorologiýanyň ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen awiasiýanyň we meteorologiýa gözegçiliginiň ölçegleriniň bitewüligini üpjün etmek bilen meşgullanýan tejribe ähmiýetli bölümi;

5) gidrometeorologiýa işi — daşky gurşawyň ýagdaýy, tebigy hadysalar hakynda maglumatlary almak üçin gözegçilikleri we synlamalary geçirmegiň, maglumatlary toplamagyň, olary işläp taýýarlamagyň, seljermegiň netijesinde çaklamalary düzmäge, seljermäge, ýaýratmaga, saklamaga we peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn hereketler;

6) gidrometeorologiýa gözegçilikleri — daşky gurşawyň aýry-aýry bölekleriniň meteorologiýa, gidrologiýa, agrometeorologiýa we klimat aýratynlyklaryna hem-de ähli görkezijilerine baha bermek, çaklamak maksady bilen, olaryň ýagdaýyna, şeýle hem gidrometeorologiýa hadysalaryna we ululyklaryna gurallar arkaly ölçegler hem-de synlamak arkaly gözegçilikler;

7) gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň ulgamy — daşky gurşawda bolup geçýän fiziki prosesleri synlamak, olaryň meteorologiýa, klimat, gidrologiýa, geliogeofizika, agrometeorologiýa boýunça aýratynlyklaryny kesgitlemek üçin niýetlenen gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerini we gözegçilik nokatlaryny öz içine alýan hemişelik (stasionar) gidrometeorologiýa gözegçilik nokatlarynyň we göçme gidrometeorologiýa gözegçilik nokatlarynyň toplumy;

8) hemişelik gidrometeorologiýa gözegçilik nokatlary (mundan beýläk — gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary) — ýer böleginde, suw obýektinde, binada, desgada we gurnawda gidrometeorologiýa maglumatlaryny almak, işläp taýýarlamak we bermek üçin ýörite abzallar we enjamlary oturdylan ýörite niýetlenen ýer;

9) göçme gidrometeorologiýa gözegçilik nokady — gidrometeorologiýa gözegçiliklerini amala aşyrmak üçin niýetlenilen ýörite ölçeg gurallary we enjamlary ornaşdyrylan ulag serişdeleri ýa-da beýleki gurnawlar;

10) gidrometeorologiýa maglumatlary — gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň netijesinde toplanan ilkinji maglumatlar, olaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň we seljerilmeginiň netijesinde umumylaşdyrylan, şeýle hem ýaýradylmaga, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklanylmaga, peýdalanylmaga niýetlenilen hakyky we çaklama maglumatlar;

11) umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary — umumy maksatly peýdalanmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we sanly ulgam arkaly gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara muzdsuz berilýän gidrometeorologiýa maglumatlary;

12) ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary — gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylaryň sargytlary esasynda olaryň serişdeleriniň hasabyna berilýän gidrometeorologiýa maglumatlary;

13) gyssagly gidrometeorologiýa maglumatlary — güýçli apy-tupanlary gaýragoýulmasyz öňünden duýdurmalar we (ýa-da) olar barada habar bermeler, şeýle hem ilatyň janyna ýa-da saglygyna, daşky gurşawa we emläklere zyýan ýetirip biljek howanyň ýagdaýynyň hakyky we çaklanylýan güýçli üýtgemeleri barada gaýragoýulmasyz berilýän gidrometeorologiýa maglumatlary;

14) gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylar — gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmegiň netijesinde gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamagy amala aşyrýan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy we onuň ýerli edaralary hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslary;

15) gidrometeorologiýa hadysasy — atmosferada, ýeriň üstünde we ýerüsti suwlarda bolup geçýän prosesleriň görnüşi;

16) howply gidrometeorologiýa hadysasy — özüniň häsiýeti (ýokary dereje, dowamlylyk), ýaýraýyş göwrümi boýunça ilatyň janyna we (ýa-da) saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa we emläklere düýpli zyýan ýetirip biljek howply hadysa.

2. Gaýry düşünjeler şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenilýär.

2-nji madda. Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de gidrometeorologiýa işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň esasy ýörelgeleri Gidrometeorologiýa işiniň esasy ýörelgelerine şular degişlidir:

1) gidrometeorologiýa gözegçilikleriň globallygy, toplumlaýynlygy, ulgamlaýynlygy we üznüksizligi;

2) Türkmenistanyň çäginde ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalar arkaly gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmegiň, gidrometeorologiýa maglumatlaryny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň netijesinde umumylaşdyrmagyň, çaklamalary düzmegiň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligi;

3) gidrometeorologiýa işiniň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işine laýyklykda utgaşdyrylmagy;

4) daşky gurşawyň aýratyn bölekleriniň hakyky we çaklanylýan ýagdaýy hakyndaky gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmagyň elýeterliligi, ygtybarlylygy, dolulygy we netijeliligi.

4-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň görnüşleri

1. Gidrometeorologiýa işiniň görnüşlerine şular degişlidir:

1) gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamak;

2) gidrologiýa, meteorologiýa we beýleki geofiziki proseslere işjeň täsir etmek.

2. Gidrometeorologiýa maglumatlarynyň taýýarlanylmagy şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmek;

2) gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň netijesinde toplanan ilkinji maglumatlary işläp taýýarlamak we olary seljermegiň netijesinde umumylaşdyrmak, çaklamalary düzmek, şeýle hem gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara bermek, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamak hem-de gaýtadan peýdalanmak (muňa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän metbugatdan, gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylardan alynýan gidrometeorologiýa maglumatlary degişli däldir);

3) gidrometeorologiýa maglumatlarynyň çaklamalaryny düzmek.

5-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň

obýektleri we subýektleri

1. Klimat, gidrologiýa we meteorologiýa şertleri, tebigy we antropogen täsirleriň netijesinde daşky gurşawyň aýratyn bölekleriniň üýtgemeleri, aýry-aýry sebitler we ulgamlar gidrometeorologiýa işiniň obýektleri bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk — Ygtyýarlandyrylan edara), we onuň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy (mundan beýläk — Gulluk), Gullugyň ýerli edaralary, ýuridik we fiziki şahslar gidrometeorologiýa işiniň subýektleri bolup durýarlar.

6-njy madda. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylaryň hukuklary we borçlary

1. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylar şu hukuklara eýedirler:

1) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gidrometeorologiýa maglumatlarynyň taýýarlanylmagyny ýa-da olary taýýarlamak bilen baglanyşykly aýratyn işleri we hyzmatlary amala aşyrmak;

2) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ýa-da gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly aýratyn işleri we hyzmatlary amala aşyrmak baradaky şertnamalara laýyklykda gidrometeorologiýa maglumatlarynyň berilmegi üçin töleg almak;

3) gidrometeorologiýa beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini saýlap almak;

4) gidrometeorologiýa işi babatda döwlet häkimiýet edaralaryna ýüztutmalary, haýyşnamalary we teklipleri bermek, şeýle hem özleriniň hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly kazyýete şikaýat etmek;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki hukuklara.

2. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylaryň borçlaryna şular degişlidir:

1) gidrometeorologiýa maglumatlary taýýarlanylanda ýa-da olary taýýarlamak bilen baglanyşykly aýratyn işler we hyzmatlar amala aşyrylanda şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem halkara şertnamalaryň talaplaryny berjaý etmek;

2) gurallarda ölçemek usuly bilen gidrometeorologiýa gözegçilikleri geçirilende ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara resminamalarynyň degişli talaplaryna laýyk gelýän ölçeg serişdelerini ulanmak;

3) gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara gidrometeorologiýa maglumatlaryny şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda muzdsuz ýa-da tölegli bermek;

4) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde gidrometeorologiýa işi babatda hasabatlary Gulluga bermek;

5) aýratyn halatlarda gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamagyň başlanmagy we tamamlanmagy ýa-da gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamak boýunça aýratyn işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy barada habarlary Gulluga bermek;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki borçlar.

7-nji madda. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary

Gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylar şu hukuklara eýedirler:

1) gidrometeorologiýa maglumatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna we gidrometeorologiýa işi babatda hyzmatlary amala aşyrmak baradaky şertnamalara laýyklykda kabul etmek we ulanmak;

2) gidrometeorologiýa işini kämilleşdirmek babatda teklipleri bermek;

3) gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylary erkin saýlamak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gidrometeorologiýa işi babatda beýleki hukuklara.

II BAP. GIDROMETEOROLOGIÝA IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

8-nji madda. Gidrometeorologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar Gidrometeorologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara, Gulluk we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gidrometeorologiýa işi babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär;

4) halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

10-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarlandyrylan edara gidrometeorologiýa işi babatda:

1) döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

3) şulary tassyklaýar:

a) gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamagyň, bermegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany;

b) howply gidrometeorologiýa hadysalary baradaky maglumatlary toplamagyň we olary duýdurmagyň tertibini;

ç) gidrometeorologiýa beketlerinde we gözegçilik nokatlarynda gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmegiň gollanmasyny;

d) gidrologiýa, meteorologiýa we agrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmegiň we howa çaklamalaryny düzmegiň gollanmasyny;

e) gidrometeorologiýa beketlerindäki we gözegçilik nokatlaryndaky gidrometeorologiýa enjamlaryny ulanmagyň gollanmasyny;

ä) çaklamalary düzmegiň gollanmasyny;

f) dessin-önümçilik ulgamlaryny derejelendirmegiň gollanmasyny;

g) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlaryny bermegiň nyrhlaryny;

4) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär;

5) tehnologik toplumlary goşmak bilen gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini we akwatoriýalaryň bölegini bölüp bermek barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna towakganama berýär;

6) Türkmenistanyň ýuridik şahslaryna gidrometeorologiýa enjamlaryny Türkmenistana getirmek we olary ulanmak üçin rugsatnama berýär;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

11-nji madda. Gullugyň ygtyýarlylygy

Gulluk gidrometeorologiýa işi babatda:

1) atmosferanyň, deňiz gurşawynyň, ýerüsti suwlaryň (suw obýektleriniň), oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyna, ýer üstüniň radiasiýa ýagdaýyna monitoringi amala aşyrýar;

2) ýerli edaralaryna guramaçylyk-tehniki we usuly ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

3) gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň toplan ilkinji gidrometeorologiýa maglumatlaryny işläp taýýarlamak, olary seljermegiň netijesinde umumylaşdyrmak, çaklamalary düzmek, şeýle hem gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara bermek we wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamak hem-de gaýtadan peýdalanmak ulgamynyň ösdürilmegini we hereket etmegini üpjün edýär;

4) gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasyny döredýär, şeýle hem berilýän gidrometeorologiýa maglumatlarynyň merkezleşdirilen hasaba alnyşyny ýöredýär we ony gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara berýär;

5) 10-njy maddanyň 3-nji bendinde görkezilen hukuk namalary işläp taýýarlaýar we ygtyýarlandyrylan edara tassyklamak üçin hödürleýär;

6) gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylary döwlet tarapyndan hasaba alýar;

7) gidrometeorologiýa babatda işleriň ähli görnüşleri boýunça talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;

8) gidrometeorologiýa maglumatlarynyň merkezleşdirilen ýeke-täk sanly maglumatlar binýadyny döredýär we ýöredýär;

9) daşky gurşawyň aýratyn bölekleriniň ýagdaýyna baha bermek we çaklamak boýunça ylmy barlaglary guraýar we geçirýär;

10) howanyň, suwlulygyň, oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdan ösümlikleriniň hasylynyň, gidrometeorologiýa we geliogeofizika hadysalarynyň, klimatyň ählumumy we sebitleýin üýtgemeleriniň gysga möhletli we uzak möhletli çaklamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we düzülmegini amala aşyrýar;

11) döwlet häkimiýet edaralaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we harby edaralaryny, şeýle hem ilaty we beýleki gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylary howply gidrometeorologiýa hadysalary baradaky gyssagly gidrometeorologiýa maglumatlary goşmak bilen hakyky we çaklama gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün edýär;

12) barmasy kyn bolan gidrometeorologiýa beketlerinde we gözegçilik nokatlarynda gözegçilikleri talabalaýyk geçirmek hem-de ol ýerlerde meýdan şertlerinde işleýän adamlar üçin degişli şertleri döredýär;

13) klimat, agroklimat we suw serişdeleri hakynda ylmy-tehniki edebiýatlary neşir edýär;

14) hakyky we çaklanylýan howa şertleri, howply gidrometeorologiýa hadysalary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata habar berýär;

15) ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlarynyň taýýarlanylmagyny şertnamalaýyn esasda amala aşyrýar;

16) hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

17) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gidrometeorologiýa maglumatlarynyň alyş-çalşygyna gatnaşýar hem-de bu işi utgaşdyrýar;

18) ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny gidrometeorologiýa we geliogeofiziki maglumatlar bilen üpjün etmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar;

19) guruljak desgalary taslamalaşdyrmak üçin gidrometeorologiýa häsiýetnamalaryň möçberlerini we hasaplamagyň kadalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

20) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

1) gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmek maksady bilen gidrometeorologiýa beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmek üçin bellenilen tertipde ýer böleklerini bölüp bermek;

2) aýratyn halatlarda ýer böleginde we akwatoriýalaryň böleginde ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary taýýarlanylanda rugsatlary bermek;

3) degişli çäkde ýerleşýän gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň ulgamyny ösdürmek we onuň netijeli işlemegini üpjün etmäge gatnaşmak;

4) gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamagy amala aşyrýan ýuridik şahslaryň işlerine gözegçiligi amala aşyrmak;

5) degişli çäkde ýerleşýän barmasy kyn bolan gidrometeorologiýa beketlerinde we gözegçilik nokatlarynda gözegçilikleriň talabalaýyk geçirilmegi üçin degişli ýardamlary bermek;

6) ygtyýarlandyrylan edara, Gulluga we onuň ýerli edaralaryna howply gidrometeorologiýa hadysalarynyň netijeleriniň derňewlerinde degişli ýardamlary bermek;

7) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda öz ygtyýarlylyklaryna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

III BAP. GIDROMETEOROLOGIÝA IŞINI GURAMAK

13-nji madda. Gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasy

1. Döwlet häkimiýet edaralaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we harby edaralaryny, şeýle hem ilaty, beýleki gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylary gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün etmek maksady bilen gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasy döredilýär.

2. Türkmenistanyň çäginde gidrometeorologiýa işini amala aşyrýan ýuridik şahslar taýýarlan gidrometeorologiýa maglumatlaryny gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasyna girizmek üçin Gulluga bermäge borçludyrlar.

3. Gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamagyň, bermegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň tertibi bu gazna hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

4. Gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasynyň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine bellenilen tertipde degişli edilen resminamalary Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda saklanylýar.

14-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň subýektleriniň meteorologiýa babatdaky işleri

Gidrometeorologiýa işiniň subýektleriniň meteorologiýanyň çäklerindäki işleri meteorologiýa hadysalarynyň, tebigy, tehnogen, fiziki we beýleki prosesleriň atmosferada, onuň ýer we suw üstüniň örtügi bilen, daşky gurşawyň janly organizmleri we jansyz obýektleri bilen özara täsirindäki ýagdaýyny we ösüşini kesgitlemäge gönükdirilendir we şu ugurlar boýunça gözegçiliklerden ybaratdyr:

1) aktiw radiasiýanyň radiasiýa balansyny düzýän maglumatlar toplumyny almak üçin aktinometriýa gözegçiliklerini geçirmek;

2) atmosferanyň standart we aýratyn derejelerdäki meteorologiýa maglumatlaryny almak üçin aerologiýa gözegçilikleri geçirmek;

3) ozon gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ozonometriýa gözegçiligini geçirmek;

4) ionosfera gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ionosfera gözegçiligini geçirmek;

5) meteorologiýa şertleriniň oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdan ösümlikleriniň ösüşine ýetirýän täsirini öwrenmek üçin agrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmek;

6) Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasyny awiameteorologiýa hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin awiameteorologiýa gözegçiliklerini geçirmek.

15-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işleri

Gidrometeorologiýa işiniň subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işleri deňiz akwatoriýasynyň we beýleki suw obýektleriniň suw gorlary baradaky maglumatlary toplamak hem-de şu maksatlar bilen amala aşyrylýar:

1) ilatyň we halk hojalygynyň suw obýektleriniň gidrologiýa düzgünleriniň üýtgemegi (suw joşgunlary, siller, ýagyş suwlarynyň köp ýygnanmagy, suw doňmalary we beýlekiler) hakyndaky maglumatlara bolan isleglerini üpjün etmek;

2) Türkmenistanyň çägine girýän suw serişdeleri, gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary barada maglumatlary bermek.

16-njy madda. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri, gözegçilik nokatlary we olaryň goragy

1. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary gidrometeorologiýa maglumatlaryny gös-göni alýan, işläp taýýarlaýan we gidrometeorologiýa merkezlerine berýän, gidrometeorologiýa boýunça ilkinji önümçilik birligidir.

2. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleriniň we gözegçilik nokatlarynyň jemi gözegçilikleriň döwlet gidrometeorologiýa ulgamyny emele getirýär.

3. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary, olar üçin bellenilen tertipde bölünip berlen çäkleriň ýer böleklerini we akwatoriýalaryň böleklerini, şeýle hem gözegçilikleriň amala aşyrylmagyny, maglumatlaryň işlenilip taýýarlanylmagyny we berilmegini üpjün edýän tehnologik toplumlary goşmak bilen, Gullugyň hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda durýarlar.

4. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýapmak, şeýle hem olaryň ýerleşýän ýerini üýtgetmek, täzelerini açmak diňe ygtyýarlandyrylan edaranyň çözgüdi esasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylyp geçirilýär.

5. Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň amala aşyrylýan ýerlerinde tebigy hadysalaryň geçişi hakyndaky ygtybarly maglumatyň alynmagyny üpjün etmek maksady bilen, gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleriniň we gözegçilik nokatlarynyň 200 metr töwereginde ähli hojalyk we beýleki işler çäklendirilýän gorag zolaklary döredilýär.

6. Tehnologik toplumlary goşmak bilen gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini we akwatoriýalaryň bölegini bölüp bermek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan edaranyň towakganamasy boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

7. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerine we gözegçilik nokatlaryna barmak üçin üstünden geçilýän ýer böleklerine serwitutlar bellenilip bilner.

8. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerini we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmek üçin bölünip berlen ýer bölekleri ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmazdan yzyna alnyp bilinmez.

9. Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleriniň we gözegçilik nokatlarynyň ýerleşýän ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet we jemgyýetçilik zerurlygy üçin alnyp bilner.

Gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleriniň we gözegçilik nokatlarynyň täze ýer bölegine göçürilmegi (binalaryň, gurluşlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy) bilen baglanyşykly ähli çykdajylar ýer bölegi berlen öňki ýerden peýdalanyjynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

17-nji madda. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylary döwlet tarapyndan hasaba almak

Gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlaýjylaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy olar barada maglumatlary almak, şeýle hem olar tarapyndan amala aşyrylýan gidrometeorologiýa maglumatlaryny taýýarlamak babatdaky işleri, edilýän hyzmatlary bilmek hem-de ol maglumatlary gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasyna girizmek maksady bilen amala aşyrylýar.

18-nji madda. Gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanmak

1. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem-de halkara guramalary gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylar bolup bilerler.

2. Umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary elýeterlidir (muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda berilmegi we ýaýradylmagy çäklendirilen maglumatlar degişli däldir).

3. Umumy maksatly gidrometeorologiýa maglumatlary gidrometeorologiýa maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet gaznasyna degişlidir we gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara muzdsuz berilýär.

4. Ýöriteleşdirilen gidrometeorologiýa maglumatlary gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylara şertnamalaýyn esasda tölegli berilýär.

Gidrometeorologiýa maglumatlaryny peýdalanyjylaryň tölegden boşadylýan toparlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

19-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlarda gidrometeorologiýa işi

1. Adatdan daşary ýagdaýlarda gidrometeorologiýa işi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň hereket etmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Adatdan daşary ýagdaýlarda gidrometeorologiýa işi şu Kanuna, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

20-nji madda. Barmasy kyn bolan gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary

1. Barmasy kyn bolan gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketleri we gözegçilik nokatlary — bu ilatly ýerlerden daşlykda, çylşyrymly geografiki hem-de klimat şertlerinde ýerleşýän, barmasy kyn bolan, yzygiderli ulag gatnawy bolmadyk gözegçilik desgalarydyr.

2. Barmasy kyn bolan gidrometeorologiýa gözegçilik ulgamynyň beketlerinde we gözegçilik nokatlarynda meýdan şertlerinde işleýän adamlara döredilýän kepillikler Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

21-nji madda. Gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak

Gidrometeorologiýa işi babatda hünärmenleriň taýýarlanylmagy orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan bilim edaralarynda amala aşyrylýar.

22-nji madda. Ilatyň we ýuridik şahslaryň gidrometeorologiýa işine gatnaşmagy

Ilat we ýuridik şahslar ilatyň janyna we saglygyna howp salýan ýa-da daşky gurşawyň hapalanmagyna we beýleki howply netijelere getirýän ýa-da getirip biljek adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar, howply gidrometeorologiýa hadysalary we tehnologiki prosesleriň bozulmalary, şeýle hem gidrometeorologiýa gözegçilik enjamlarynyň ýok bolmagy we (ýa-da) hatardan çykmagy barada Gulluga ýa-da onuň ýerli edaralaryna ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli ýerli edaralaryna habar bermelidirler.

23-nji madda. Gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek

Gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, Gullugyň öz serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip bilner.

IV BAP. GIDROMETEOROLOGIÝA IŞI BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK.
GIDROMETEOROLOGIÝA IŞI HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

24-nji madda. Gidrometeorologiýa işi babatda jedelleri çözmek

Gidrometeorologiýa işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

25-nji madda. Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

26-njy madda. Gidrometeorologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Gidrometeorologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

27-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şu Kanunyň herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 1999-njy ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 3, 46-njy madda);

2) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХХХI bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);

3) 2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 73-nji madda);

4) 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji bölüminiň ikinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 80-nji madda);

5) 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji bölüminiň ikinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 14-nji madda);

6) 2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji bölüminiň ikinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 4, 92-nji madda).

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.