Ï Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

view-icon 4545
Türkmen talyplary Rumyniýada geçirilen matematika olimpiadasynda 17 medal gazandylar

Türkmenistanly talyplar 9-njy aprelden 14-nji aprel aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen 18-nji Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa «SEEMOUS-2024» matematika olimpiadasynda dürli medallaryň 17-sini eýelediler.

Türkmenistanly zehinli matematika ökdeleriň ajaýyp çykyşy netijesinde olar 1 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç medala mynasyp boldular.

Altyn medaly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödäýewa eýeledi.

Şeýle hem bu uniwersitetiň talyplary Nurmyrat Ataýew we Myratgeldi Annamuhammedow kümüş medala, Azymgeldi Şyhow hem-de Döwletmyrat Esenow bürünç medala mynasyp boldular.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 5 medal gazandylar. Olardan Balkan Jepbarow, Şabibi Nurjanowa, Serdar Orazmyradow we Emir Wellekow kümüş, Agabek Matýakubow bürünç medal gazandylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri Muhammetmyrat Goçmuradow kümüş we Nagym Taňrygulyýew bürünç medal eýelediler.

Ýene-de 5 kümüş medala Mergen Gaýybow (Türkmen oba hojalyk instituty), Mähriban Döwranowa (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti), Maksat Akmyradow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Baýram Töräýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) we Döwlet Nurmyradow (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) dagy mynasyp boldular.

Türkmen talyplarynyň matematika meselelerini çözmekde ajaýyp başarnygyny we bu olimpiadada ozalam gowy netijeler görkezendiklerini bellemek gerek.

Şu ýyl abraýly matematika bäsleşigine 9 ýurtdan – Türkmenistandan, Özbegistandan, Alžirden, Fransiýadan, Ganadan, Gresiýadan, Hindistandan, Makedoniýadan we Rumyniýadan otuza golaý ýokary okuw mekdebiň talyplary gatnaşdylar.

Olimpiadany Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika jemgyýeti, George Asaki adyndaky Ýassy tehniki uniwersiteti we Rumyniýanyň matematika jemgyýeti guradylar.

Her ýylky «SEEMOUS» matematika olimpiadasy 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär, ol ýaş zehinleri ýüze çykarmakda we ösdürmekde, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, dünýä akademiki giňişliginde netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda degerli meýdançadyr.