Ï Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

view-icon 3921

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda şanly wakalaryň biri hökmünde täze sahypany açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döredýär, Ýewraziýa sebiti üçin ähmiýetli iri üstaşyr ulag geçelgeleriniň merkezine öwrülýär. Ýakyn goňşy ýurtlar we dünýäniň ähli halklary bilen ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmagyň möhümdigini belläp, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda dürli pudaklarda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreleriň aýdyň netijesi bolan ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp, ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek we taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk ulgamynda, kanun çykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi.

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny, bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek awtoban uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer, ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň iki yklymyň çatrygynda amatly ýerleşmegi halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi Ýaponiýanyň «NEC Telecommuniсation Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasyna, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasyna mynasyp boldy. Awstriýanyň “VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH” kompaniýasy tarapyndan bolsa “Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi”, “Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi”, “Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi” hakynda üç sany halkara güwänama gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtobanyň täze böleginiň açylyş dabarasyndan soňra, ulagyna mündi we awtomobilleriň hereketine ak pata berdi. Ýolugra döwlet Baştutanymyz ýangyç guýujy bekediň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler, sürüjiler üçin edilýän hyzmatlar bilen tanyşdy, düzümleýin desgalary, häzirki zaman hereket howpsuzlyk we gözegçilik enjamlaryny, awtoulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlaryny synlady.

Şol gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, iki gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Mundan başga-da, welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň açarlary gowşuryldy. Şeýle-de Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine ýörite awtoulaglar sowgat berildi.

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Şolaryň hatarynda milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça meseleleri görkezmek bolar. Şeýle-de sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz teklipleri goldap, olary durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly teklipler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl geçiriljek möhüm dabaralaryň guramaçylyk ýagdaýy barada hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine talabalaýyk taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň strategik gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Köptaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystana degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy we taraplaryň bu ugurlardaky garaýyşlary beýan edildi.

Hususan-da, türkmen tarapy Merkezi Aziýanyň we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny, işewürlik geňeşini, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi. Şunuň bilen bir hatarda, Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň hemişelik edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslaryny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik gepleşikler we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmek üçin täze resminamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle-de Daşkentde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Bu foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu ugurdaky degişli düzümleri sazlaşykly ösdürmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de degişli Teswirnama gol çekildi. Mejlisiň işiniň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýle-de maslahatyň geçirilen günlerinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň geçirilendigini bellemek gerek. Hepdeligiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda şu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis hem-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç haty kabul edildi. Ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi, kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik we ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş Türkmenistanyň “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Çekeleşikli geçen bäsleşiklerde Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen hokkeýçiler, şeýle hem ýurdumyzyň türgenleri baş baýrak ugrunda güýç synanyşdylar. Onda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» topary ikinji, Belarusuň “Wolat” topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen türgenlerini ýaryşda gazanan üstünlikleri bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky sport baýramçylygynyň halklaryň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, hokkeýçilerimiziň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna we tejribeleriniň baýlaşmagyna uly goşant bolandygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlary, hokkeý boýunça halkara ýaryşda birinji orny eýeländikleri üçin, “Galkan” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar dakyldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda geçirilen dabarada ýeňiji bolan toparyň türgenlerine we tälimçilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomlar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkymyzyň döredijilik mümkinçiligini durmuşa geçirmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.