Ï Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

view-icon 3811
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär.

Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Çäräniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda bu forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtalýar. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu bolsa geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Öndürilýän önümleriň hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak, önümçilige ylmyň iň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Forum öz işini “Ählumumy energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny”, “Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gaz önümçiliginiň mümkinçilikleri”, “Uglewodorod önümçiliginde metanyň we uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”, “Energetiki geçiş üçin çig mal harytlar: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri”, “Arassa energiýa ulgamyndaky we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny”, “Türkmenistanyň gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny çaltlaşdyrmak” atly mowzuklaýyn sessiýalarda dowam etdi.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri çykyş edip, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän ornuny aýratyn bellediler. Iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrandygy, özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyryp bilýän ýurt hökmünde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrandygy nygtaldy. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Milli ykdysadyýetiň we alnyp barylýan syýasatyň durnukly ýagdaýy, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleridir.

Türkmenistan tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işlere gatnaşmagyny hem hil taýdan özgerdýär. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde anyk çäreleriň hatarynda çykyş edýän maýa goýum taslamasydyr. Onuň amala aşyrylmagy möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebit ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň ýol açmaga, ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny artdyryp, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge hem gönükdirilendir.

Ýangyç-energetika toplumyny düýpli ösdürmegiň esasy düzüm bölekleri bolan milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmakda ekologik töwekgelçilikleri azaltmaga, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardygy nygtaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär.

Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň usullarynyň iň ýokary ekologik ölçeglere laýyk gelýändigi bellenildi. Bu babatda degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň degişli ugurda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi, ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda BMG-niň Kararnamalary bilen berkidildi.

Forumyň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa önümçiliklerinde parnik, kömürturşy gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak hem-de toplamak bilen bagly tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar. Çykyşlarda Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwasty zolaklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de ýeriň gatlaklaryndaky nebitiň gazylyp alnyşynyň möçberini artdyrmak boýunça taslamalara garalyp, maýa goýum taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler dünýä gaz pudagynyň ösüş meýilleri, nebit önümleriniň bazar strategiýalary we beýlekiler barada pikir alyşdylar. Türkmenistanda nebiti we tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek, içerki hem daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, ýokary goşulan bahaly dürli nebithimiýa, gazhimiýa önümlerini öndürmek üçin täze kärhanalary döretmek babatda teklipler we çözgütler beýan edildi.

Pikir alyşmalara dünýäniň ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşyp, toplan tejribeleri, täze ylmy işläp taýýarlamalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Aýratyn-da, Gün we ýel energiýasyny, bioýangyjy netijeli peýdalanmak boýunça synag taslamalary maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň arassa energiýany we geljegiň “ýaşyl” tehnologiýasyny işjeň ösdürýändigi bellenildi. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde Abu-Dabiniň ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän, 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Pikir alyşmalara gatnaşanlar forumyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, şeýle çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.