Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Umman saglygyny dikeltmek we deňiz durmuşyny goramak ugrunda ýöriteleşen «Blue Marine Foundation» (Beýik Britaniýa) guramasy bilen biologik dürlüligi saklamak, daşky gurşawy goramak we olaryň Hazar deňzinde saklanyp galmagyna ýardam etmek boýunça özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi.
«Blue Marine Foundation» aşa köp balyk tutulmagyna garşy çykyş etmek bilen, deňiz goraghanalaryny döretmek, ejiz we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriň goragy üçin wajyp ähmiýetli ýaşaýyş ýerlerini dikeltmek, şeýle hem durnukly balykçylyk görnüşini işläp düzmek bilen meşgullanýar. Şunuň ýaly görnüşler balykçylygyň peselmegi deňiz durmuşynda, deňziň haýwanat we ösümlik dünýäsine, ýerli balykçylara hem jemgyýetlere peýda getirýändigini subut etmegi maksat edinýär. «Blue Marine Foundation» öz işleriniň üsti bilen ummanyň iň uly uglerod ýuwudyjy bolup durýanlygy sebäpli, Ýeriň howa şertlerini durnuklaşdyrmakda wajyp ähmiýetli işini dowam etdirip bilmegi ugrunda tagalla edýär.
Bu guramanyň wezipesi 2030-njy ýyla çenli dünýä ummanynyň azyndan ýüzden 30 böleginiň berk gorag astynda bolmagyny, galan 70 böleginiň bolsa jogapkärçilik bilen dolandyrylmagyny üpjün etmekdir. Hemmeler üçin hemişe sagdyn ummanyň bolmagy «Blue Marine Foundation» guramasynyň maksadydyr.