Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

view-icon 2043
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Her ýylky däbe görä, okuw ýylynyň tamamlanyp barýan döwri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri «Açyk gapylar» gününi geçirýärler. Dalaşgärleri çekmek möwsümi ýokary okuw mekdepler hem-de öňlerinde geljekki hünärlerini saýlamak wezipesi duran ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin aýratyn möhümdir.

Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri öňümizdäki 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýänleriň ählisini myhmansöýerlik bilen garşylaýarlar. Olaryň hatarynda mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlary, okuw merkezleriň diňleýjileri, harby gullugy geçýän raýatlar, önümçilikde zähmet çekýänler we ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän beýleki ýaşlar bar.

«Açyk gapylar» gününde myhmanlar ýokary okuw mekdepleriň gyzykly we wakalara baý durmuşy, olaryň okuw maksatnamalary hem-de hünär taýýarlygynyň ugurlary, döwrebap binalar toplumlary we talyplaryň ýaşamaga oňaýly umumy ýaşaýyş jaýlary bilen giňden tanyşýarlar. Şeýle hem fakultetleriň, kafedralaryň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça hünär derejesinde maslahatlary almaga mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdeplere gelýänler üçin konsertleriň we dürli bäsleşikleriň geçirilmegini, okuw sapaklaryna barlyp görülmegini, döredijilik we sport toparlary bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni aň-düşünje berýän maksatnama guraldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 1-nji maý güni sagat 15:00-da geljekki dalaşgärleri «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 18. Telefon belgiler: (+99312) 48-98-51, 48-98-52.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de onuň Balkanabatdaky şahamçasy 1-nji maýda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirer. Uniwersitetiň Aşgabatdaky salgysy: Arçabil şaýoly 8. Telefon belgiler: (+99312) 39-13-05, 39-13-18. Balkanabat şäherindäki şahamçanyň salgysy: G.Annaýew köçesi 76; Telefon belgiler: (+993 222) 4-93-62, 2-19-98.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 3-nji maý güni sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy. Telefon belgiler: (+99312) 28-18-53, 28-18-05.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dalaşgärleriň duşuşygy 4-nji maýda sagat 14:00-da geçiriler. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy. Telefon belgiler: (+99312) 34-67-17, 36-84-08.

4-nji maýda 14:00-da okuwa girmäge gyzyklanma bildirýän ähli ýaşlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti garaşýar. Onuň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 1958 (Andalyp) köç. 169. Telefon belgiler: (+99312) 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-43,39-85-69, 39-85-29.

Türkmen döwlet maliýe instituty «Açyk gapylar» gününi 4-nji we 11-nji maýda sagat 15:00-da geçirer. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1987 (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly) köçesiniň 112-nji jaýy. Telefon belgiler: (+99312) 49-07-92, 49-63-09.

27-nji aprelde we 11-nji maýda sagat 15:00-da Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýynda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gapylary geljekki dalaşgärler üçin açyk bolar. Telefon belgiler: (+993 422) 3-65-87.

13-nji we 14-nji maýda sagat 15:00-da Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirer. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1972 (Atatürk) köç. 73-nji jaýy. Telefon belgiler: (+99312) 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» gününiň geçiriljek seneleri barada goşmaça yglan ediler.

Isleg bildirýänleriň ählisiniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri baradaky giňişleýin maglumatlary olaryň resmi saýtlaryna girip alyp biljekdiklerini hem ýatladýarys.