«Türkmen ertekiler dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi çagalaryň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Hut şu ýerde özüňi, göýä jadyly ertekileriň taryhyna düşen ýaly duýup bolýar, meşhur gahrymanlar bilen duşuşyp bolýar we elbetde, açyk, arassa howada oýnap bolýar.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy öz körpe okyjylary üçin durky täzelenen seýilgäh toplumy boýunça ýörite gezelenç gurady.
Kitaphanaçylar çagalar bilen bilelikde, «Türkmen täsinlikler dünýäsi» diýen ugurdaş mazmunly ýer boýunça düşünje artdyrýan gezelenç etdiler, bu ýerde ýurdumyzyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň kiçi görnüşdäki nusgalary ýerleşdirilipdir.
Şu ýyl Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen hormatly ady eýeledi. Kitaphananyň hünärmenleri çagalara gadymy şäheriň taryhy gözellikleri hem-de onuň täsin mirasy barada gürrüň berdiler.
Mundan başga-da, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän şu ýyl Gündogaryň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýär. Çagalaryň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şahsyýeti we döredijiligi bilen giňden tanyşmaklary üçin kitaphanaçy şahyryň terjimehalyndan käbir maglumatlary gürrüň berdi hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan bölekleri okap berdi.
«Syýahatçylygyň» dowamynda çagalar «Ertekiler dagy» atly üsti ýapyk seýilgähe bardylar. Jadyly dag gowagynda mesgen tutan syrly döwleriň, ýakyn ýerlerde bolsa hiç haçan doýmaýan Böwenjigiň, edermen Hudaýberdiniň, owadan Akpamygyň hem-de onuň ýedi doganlarynyň, şeýle hem ertekiler dünýäsiniň beýleki gahrymanlarynyň heýkelde şekillendirilen keşplerine duşmak bolýar.
Gezelenjiň ahyrynda körpe okyjylar okan ertekileri barada özlerinde galan täsirlerini paýlaşdylar we ýakyn wagtda nähili eserleri okamagy maksat edinýändiklerini gürrüň berdiler.