Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gahrymanlaryň hormat-sarpasy hemişe belentde» atly sergi guraldy.
Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen ýigitleriniň görkezen edermenligi ölmez-ýitmezdir. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy – Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň şöhratly durmuşy hakyky watanperwerligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň aýdyň mysalydyr. Sergi zehinli çeper elli halyçylaryň dokan Berdimuhamet Annaýewiň portreti bilen başlaýar. Halyda zergärleriň ussatlyk bilen ýasan gadymy ýaraglary – uzyndyr kelte gylyçlar görkezilýär.
Serginiň ikinji bölümi alysda galan uruş ýyllaryna, doganlyk halklar bilen bilelikde faşistik Germaniýa garşy azat ediş urşunda düşürilen dokumental suratlara bagyşlanýar. Bu ýere gelenleriň gözüniň alnynda ildeşlerimiziň urşuň ilkinji günlerinden jeň meýdanlaryna meýletin gidişi barada suratlar peýda bolýar. Türkmenistanly şol döwürdäki ýaş gahrymanlar Aýdogdy Tahyrowyň, Gurban Durdynyň, Mülki Baýramowyň, Tagan Baýramdurdyýewiň we beýleki batyr esgerleriň indi bahasyna ýetip bolmajak muzeý eksponatlaryna öwrülen şol ýyllaryň suratlary sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen halky tylda söweşjeň esgerlere ýyly eşikler we beýleki zerur zatlary iberipdir, Watan goragçylarynyň maşgalalary we eneleri kümüşden ýasalan maşgala şaý-seplerini döwlete tabşyryp, esgerlere duşmany ýeňmäge kömek edipdirler. Bularyň hemmesi: «Hemme zat front üçin! Hemme zat Ýeňiş üçin!» ýazgyly köne suratlarda we diwarlyklarda şekillendirilen.
Kaka etrabynyň Duşak obasyndan kolhoz başlygy Lallyk Han fronta kömek üçin ähli şahsy süýşürintgisini berdi. Şol pula söweş tanky ýasaldy. Uruş gutarandan soň, 1946-njy ýylyň sentýabr aýynda Lallyk Han Moskwa çagyryldy, ol şol ýerde bronetank goşunlarynyň marşaly P.S. Rybalko bilen duşuşdy. Marşal oňa tankyň kiçeldilen nusgasyny sowgat berdi. Soňra Lallyk Hanyň tankynyň nusgasy muzeýe peşgeş berildi, ol hem şu günki sergide görkezilýär.
Serginiň tekjelerinde söweşen türkmenistanly gahrymanlaryň ordenleri we medallary, hatlary we şahsy zatlary görkezilýär. Muzeýde saklanylan we sowgat berlen ýaraglar, harby esbaplar, snarýadlar üçin silindrik gaplar we başga-da köp zatlar uly gyzyklanma döredýär.
Sergide Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan belli türkmen ýazyjysy Seýtnyýaz Ataýewiň suratlary ilkinji gezek görkezilýär. Olaryň ýanynda ýazyjynyň uruş baradaky «Tereza», «Gazap», «Ynam» eserleri goýlupdyr. Seýtnyýaz Ataýewiň kitaplarynyň arasynda şol wagtky ýaş ýazyjynyň janyny halas eden ok deşen kiçijik kitap hem bar. Ol beýik türkmen akyldar şahyry – Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysydy.
Sergi 7-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Baş binasynda açyldy. Sergi on gün dowam eder.