«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralýan dürli medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle gyzykly bäsleşikleriň biri-de, welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi «Iň gowy haly gurnagy» diýlip atlandyryldy. Berkarar Diýarymyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasyndaky bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry ýatda galyjy, täsirli pursatlara baý boldy. Bäsleşik okuwçy gyzlarda ene-mamalarymyzdan miras galyp, nesilme-nesil dowam edip gelýän milli sungatymyza bolan höwesi artdyrmagy, zehinleridir ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy, olara halyçylygyň inçe tilsimlerini öwretmegi baş maksat edinýär. Onuň şertlerine görä, bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň çäksiz yhlas siňdirip taýýarlan el işlerini çeper sözleriň üsti bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary esasynda hem halyçylyk sungatyny taryp etdiler. Şeýle-de gadymy we müdimi sungatymyza bolan ýürek buýsançlaryny ajaýyp şygyrlar, aýdymlar, gazallar arkaly joşgunly ýerine ýetirdiler.
Täsirli, şowhunly geçen bäsleşigiň netijesinde welaýatyň Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň haly gurnagy ýeňiji diýlip yglan edildi hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji, üçünji orunlara hem degişlilikde Gyzylarbat etrabyndaky 22-nji, Balkanabat şäherindäki 15-nji, 22-nji, Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdepleriň haly gurnaklary mynasyp boldular. Olaryň hemmesine degişli derejedäki sowgatlar gowşuryldy.