Ï Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen duşuşyk

view-icon 4904
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen duşuşyk

Şu günler 18-nji maýda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzda maslahatlar, sergiler, duşuşyklar we beýleki baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Şunuň ýaly çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşi tarapyndan Arkadag şäherinde geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky şäher kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – halkymyzyň mizemez gymmatlygy» atly baýramçylyk duşuşygyna Arkadag şäheriniň ýokary we orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplar hem-de kärhanalarynda işleýän ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşykda Mejlisiň wekili we ýaş işjeňler çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döreýiş taryhy, onuň Türkmenistanyň halkynyň parahatlyk we Bitaraplyk, dostluk we azatlyk idealaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýän reňkleriniň we nyşanlarynyň manysy barada gürrüň berdiler. Çykyş edenler adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli döwletlilik ýörelgeleriniň, halk demokratiýasynyň we ählumumy demokratik kadalaryň jemlenendigini bellediler.

Zeýtun baldajyklary şekillendirilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we ikinji maddasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy, ýurdumyzyň parahatçylykly we döredijilikli syýasatyna şaýatlyk edýär. Çärede ýurdumyzyň bu baş döwlet nyşanlarynyň halkymyzyň esasy gymmatlyklarydygy we olara bagyşlanan baýramyň jemgyýetiň jebisleşmegi hem ýaşlaryň watançylyk terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.