Ï Türkmenistanyň MDKG-siniň täzelenen uýgunlaşma bölegi görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň MDKG-siniň täzelenen uýgunlaşma bölegi görkezildi

view-icon 2187
Türkmenistanyň MDKG-siniň täzelenen uýgunlaşma bölegi görkezildi

Aşgabatda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň, ylmy toparlarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň täzelenen MDKG-siniň uýgunlaşma böleginiň taslamasy» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Çäräniň maksady Türkmenistanyň milli derejesinde kesgitlenýän goşandynyň (MDKG) täzelenen uýgunlaşma bölegini görkezmek we ýurtda howanyň üýtgemegine uýgunlaşma bilen baglanyşykly strategik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşmany meýilnamalaşdyrmagyň barşyny güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde geçirildi.

«Tegelek stol» maslahatyna gatnaşanlar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ylmy we tehnologik syýasatyň ileri tutulýan ugurlary barada düşünje aldylar. Olar howa tehnologiýalary, şeýle hem olary ulanmak bilen baglanyşykly çykdajylar we peýdalar barada giň maglumat çeşmeleri bilen tanyşdylar. Mundan daşgary, çeşmeler bilen üpjün etmegiň ýörite usullaryny ulanmak bilen, Türkmenistanda köp sanly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Howa maliýeleşdiriş ýörelgesini işläp düzmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. 

Howa boýunça Pariž ylalaşygyna gatnaşýan döwlet bolmak bilen, Türkmenistan parnik gazlarynyň taşlandylaryny azaltmaga, şeýle hem ýurduň ykdysady we sosial pudaklaryny howanyň üýtgemeginiň uzak möhletli netijelerine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen uzak möhletli çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu ýurt özüniň ilkinji MDKG-sini BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatyna 2016-njy ýylda tabşyrdy we bütindünýä çalyşmalara edýän goşandyny artdyrmak maksady bilen, bu möhüm milli howa syýasaty resminamasyny her bäş ýyldan has uly maksatlar bilen täzeleýär.

MDKG-niň täzelenen uýgunlaşma böleginde Türkmenistanda alnyp barlan köp sanly gözlegleriň we howanyň üýtgemeginiň uzak möhletli netijeleri baradaky modelleriň netijeleri jemlenipdir. Ileri tutulýan pudaklarda 2100-nji ýyla çenli aralykda uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmekden Türkmenistanyň çekjek çykdajylary we görjek peýdalary hasaplandy. Taslamanyň hünärmenleri geografik maglumat ulgamlaryndan maglumatlary ulanyp, Türkmenistanyň welaýatlarynyň geografik taýdan kesgitlenen howa ahmallyklaryny jikme-jik öwrendiler, bu bolsa her bir welaýat üçin ileri tutulýan çäreleri has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Ähli gözlegleriň we baha berişleriň netijesinde taslama hünärmenleri durmuşa geçirmek üçin 100-den gowrak uýgunlaşma çäresini teklip etdiler, olar ýerine ýetiriliş möhletine we çykdajylaryna laýyklykda, jikme-jik rejelendi. Taslamanyň çäginde Türkmenistana halkara hyzmatdaşlaryndan we ýardamçylaryndan maliýe çeşmelerini çekmek maksady bilen, ýurtdaky howa taslamalary üçin daşarky maliýeleşdiriş çeşmeleriniň sanawy jikme-jik seljerildi. Netijede, howa taslamalaryny maliýeleşdirmegiň 45 sany daşary ýurt çeşmesi tapyldy, olar uýgunlaşma we täsirleri azaltma çärelerini durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanyp bilerler. Taslama bilen gazanylan netijeleriň Pariž ylalaşygynyň Giňeldilen aç-açan mehanizminiň çäginde Türkmenistanyň geljekki yzygiderli işi bilen ýakyn arabaglanyşyga aýratyn üns berilýär.