Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen «Tokio Boeki Eurasia» ýapon kompaniýasynyň arasynda hereket edýän Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň çäginde türkmen alymlarynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibiniň wezipesini ýerine ýetiriji Çaryýar Amansähedowdan, Himiýa institutynyň müdiri Hallymyrat Ataýewden we Tehnologiýalar merkeziniň müdiriniň orunbasary Jeren Aşyrmuhammedowadan ybarat wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda saparda boldy.
Bu sapar ýokary tehnologiýaly ýapon kompaniýalarynyň önümlerini Türkmenistanyň ylmy gözleg institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynda, himiýa we nebit-gaz pudaklarynyň zawodlarynyň we kärhanalarynyň merkezi barlaghanalarynda ulanmak mümkinçiligini öwrenmek, şeýle hem ylmy-tehniki gatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.
Türkmen alymlary elektron mikroskoplary we beýleki ylmy enjamlary, senagat abzallaryny hem-de lukmançylyk gurallaryny işläp düzýän iň uly ýapon öndürijisi «JEOL Ltd.» kompaniýasynyň önümleri bilen tanyşdylar. Ýaponiýanyň öňdebaryjy senagat ylymlary we tehnologiýalary institutyna saparynyň dowamynda Türkmenistanly myhmanlara ýarymgeçirijiler önümçiliginde we mikro hem nanoelektronikada ylmy derňewler hem işläp düzmeler üçin ulanylýan «Minimal Fab» çipleri üçin önümçilik ulgamy görkezildi.
«Fuji Electronic Industrial Co., Ltd» kärhanasynda öndürilýän enjamlar-da türkmen alymlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. «Tokio Boekiniň» ştab-kwartirasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary önümleri Türkmenistanda dürli ugurlarda ulanylyp bilinjek «MicroSupport» we «TB Global Technologies Ltd.» kompaniýalarynyň önümleri bilen tanyşdylar.
Taraplaryň ylmy-tehniki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýilliligi türkmen wekiliýetiniň «Tokio Boeki Holdings Corp.» kompaniýasynyň prezidenti we müdiri Hidesige Tsubouçi bilen bolan duşuşygynda tassyklandy. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Ç.Amansähedow Ýaponiýa gelip, täze enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşmak mümkinçiligini döredeni üçin, hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň «Tokio Boeki Eurasia» kompaniýasy bilen 2012-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-derňew institutlarynyň barlaghanalary ýapon kompaniýalarynyň dünýä belli enjamlary bilen üpjün edildi, bu bolsa ýurtda alnyp barylýan ylmy-gözleg we seljeriş işlerini ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Ýapon tarapy türkmen alymlaryna Tokio baryp görmek we ýokary tehnologiýaly ylmy-gözleg hem seljeriş enjamlarynyň öňdebaryjy önümçilik kompaniýalarynyň önümleri bilen tanyşmak çakylygyny kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini bellän jenap Hidesige Tsubouçi, ýurduň ylmy-tehniki ugurda öňe gidýändigini nygtady we «Tokio Boeki Eurasianyň» Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtybarly hyzmatdaşy boljakdygyna ynandyrdy.