Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy we Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmen halysynyň baýramy hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Türkmen nepis halysy – Ak şäherimiziň bezegi» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýandygy, ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde asylly ýörelgä öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Türkmen halyçylyk sungaty milli medeni mirasyň iň möhüm bölegidir, türkmen halysyna bagyşlanan baýramçylyk bolsa ýurdumyzda we bütin dünýäde onuň saklanyp galmagyna hem giňden ýaýylmagyna aýawly çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. Bellenip geçilişi ýaly, çeper elli türkmen gelin-gyzlary tarapyndan döredilen haly göllerinde halkyň taryhy, tebigaty we däp-dessurlary bilen baglanyşykly köp many bar.
Ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik desgalarynyň çeper bezeginde we umumy biçüwinde türkmen halysynyň düzüminiň özeni bolan gölleriň giňden ulanylyşyna aýratyn üns berildi. Bu babatda Aşgabat howa menziliniň esasy ýolagçy bölümi binasynyň üçegini bezeýän haly gölüniň şekili Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak ýeterlikdir.
Baýramçylyk çäresini Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň aýdym-saz çykyşlary has-da şüweleňli etdi.