Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň umumy we amaly biologiýa institutynyň alymlary seýrek dermanlyk ösümliklerini öndürmekde häzirki zaman biotehnologiýalaryny ulanmak ugrunda ylmy agtaryşlar geçirýärler.
Hünärmenleriň üns merkezinde mikroklonal köpeliş biotehnologiýasyny ulanmak bilen, Türkmenistanyň diňe bir ýerine has we gadymdan saklanyp gelýän ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek wezipesi durýar.
Institutyň alymlarynyň düşündirişine görä, mikroklonal köpeliş usulynyň bar bolan adaty köpeliş usullaryndan birnäçe babatda artykmaçlygy bar. Bu usulyň kömegi bilen ösümlik çig malynyň ýetmezçilik, ekmesi kyn we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlikleriň, gerbisidlerden, pestisidlerden we agyr metallardan azat fitomassalary almak, şeýle hem derman senagatynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda giňden ulanylýan sintezlemesi kyn we gymmat bahaly biologik täsirli maddalary öndürmek meselesi çözülýär.
Barlaghananyň müdiri Mahym Nepesowanyň sözlerine görä, institutda Komarowyň atropasy, türkmen mandragorasy ýaly endemik ösümlikleri, şeýle hem relikt ösümligi bolan mýagkoplodnigi ösdürip ýetişdirmekde we topraga uýgunlaşdyrmakda uly tejribe toplanypdyr.
Komarowyň atropasy (Atropa komarovii) we türkmen mandragorasy (Mandragora turcomanica Mizg.) itüzümler maşgalasyna degişlidir. Dünýäde bu ösümlikleriň hersiniň 5 görnüşi, Türkmenistanda bolsa Günorta-Günbatar Köpetdagda 1 görnüşi bar. Seýrek görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilipdir we olar Sünt-Hasardag döwlet goraghanasy tarapyndan goralýar. Bu ösümliklerde köp mukdarda alkaloid maddalary bar. Halk lukmançylygynda Komarowyň atropasy agyry aýyryjy we tutgaýa garşy serişdedir, şeýle hem zäherlenmä garşy derman hökmünde ulanylýar. Türkmen mandragorasy bogun agyrylary, ukusyzlyk, şeýle hem iriňli şikesler we ýaralar bejerlende ulanylýan agyry aýyryjy hökmünde bellidir.
«Bişen miwe» diýmegi aňladýan malacos we karpos grek sözlerinden ýasalan mýagkoplodnik (Malacocarpus crithmifolius) peganlar maşgalasynyň agzasydyr. Gyzyl Kitaba giren bu ösümligiň Türkmenistanda 1 görnüşi bar. Ol Sünt-Hasardag, Köpetdag we Gaplaňgyr döwlet goraghanalary arkaly goralýar. Mýagkoplodnik şorlaşan topraklarda ösdürmäge ýaramly iýmit we bezeg ösümligi hasaplanýar. Onuň miwesinden taýýarlanan ekstraktlar halk arasynda aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini bejermekde ulanylypdyr. Bu ösümligiň ýapraklarynda köp mukdarda alkaloid bardygy belli edildi. Onuň bişen miweleri iýilýän hasaplanýar, olar askorbin kislotasyna, şekere we organik kislotalara baýdyr.
Häzirki wagtda probirkada ösdürilip ýetişdirilen bu ösümlikleriň fitohimiki düzümi häzirki zaman barlaghana enjamlarynda barlanýar we biologiýa taýdan täsirli maddalaryň häsiýetleri öwrenilýär. Institutyň alymlarynyň soňky gözlegleriniň netijesinde alkaloidleriň çüýşe turbalarda ýetişdirilen ösümliklerde-de tebigy görnüşindäki ýaly ýygnanýandygy anyklanyldy.
Ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde täze tehnologiýalary ulanmak bilen ylmy agtaryş işlerini geçirmek, institutyň ylmy barlaghanalarynda yzygiderli synaglar we öndürijilikli çözgütleri gözlemek işleri derman ösümlikleriniň seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlerini, şeýle hem olaryň dermanlyk gymmatyny gorap saklamak maksatlary bilen kesgitlenýär.
Uniwersitetiň biotehnologiýa bölüminiň talyplarynyň bu işe işjeň gatnaşýandyklaryny we oňa uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemelidiris. Institutyň alymlary uniwersitetiň talyplary üçin mikroklonal köpeliş usulyny ulanmak boýunça yzygiderli sapaklar geçirýärler we okuwyň netijeliligini belleýärler. Talyplaryň täsirli biotehnologik usuly ulanyp, derman ösümliklerini özbaşdak ösdürip ýetişdirmek bilen üstünlikli meşgullanýandyklary-da nygtalýar.