Ï Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine

view-icon 4606

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň başyndan bäri bolup geçen wakalar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwletimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary ösdürip, döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedir. Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir. Abu-Dabi şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Milli Liderimiziň Dubaý şäherinde «Dragon Oil» we «Dubai Aviation Corporation» (Flydubai) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryny öz içine alan saparyň jemleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary döwletara derejede, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara bähbitlilik esasynda yzygiderli ilerledilýär. Geçen ýyllarda biziň ýurdumyzda we ÝB-de hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalar amala aşyryldy. 2019-njy ýylda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň açylmagy netijesinde täze mazmun bilen baýlaşdyrylan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gazananlary we geljegi 14-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyga açyk ýurdumyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Bu mesele 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine-de girizildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ýurtlary, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça teklipler beýan edildi. Şunda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigi bellenildi. Bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi. Hödürlenen teklibi makullap, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Bu hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şu ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda gol çekilen iri resminamalar toplumy hem şaýatlyk edýär.

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi şu ýylyň möhüm daşary syýasy wakalarynyň biri boldy. Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň 86-sy bu resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisiniň geçirilendigini bellemelidiris. Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bitarap Türkmenistan beýleki halkara we sebit guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar ulgamlaýyn esasda ösdürilýär. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde-de özara hereketler ýola goýuldy. Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri 5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şondan bir gün öň, 4-nji martda paýtagtymyzda ÝHHG-niň ýolbaşçysynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde ekologiýa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bagyşlanan ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň 2021-nji ýyldan bäri synçy derejesine eýe bolan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy hem hil taýdan täze derejä çykdy. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine 12-nji martda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar we forumlar, şeýle hem kabul edilen çözgütler degişli Jemleýji resminamada beýanyny tapan TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi muňa aýdyň mysaldyr.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary saklaýan ýurdumyz anyk başlangyçlary öňe sürüp, köptaraplaýyn görnüşdäki dürli forumlaryň işine yzygiderli gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu giň gerimli forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti gün tertibindäki üç meselä ünsi çekdi. Bu meseleleri döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan ählumumy çemeleşmeler esasynda çözmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek, durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly ählumumy maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi. Sammite gatnaşmagyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Ýurdumyzyň halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji martda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy hem tassyklaýar. Giň wekilçilikli duşuşykda çykyş eden Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlara, şunda Bitaraplygyň hem-de öňüni alyş diplomatiýanyň mümkinçilikleriniň işjeň herekete getirilmegine, BMG we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Milli Liderimiz we dostlukly döwletiň Baştutany iki doganlyk halkyň taryhy umumylygyndan gelip çykýan we häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar munuň şeýlediginiň güwäsidir.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen däp bolan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň mart aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge ýardam etjek wakalar boldy. 4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtda öndürilýän önümleriň gözden geçirilişine baryp gördi we owgan tarapynyň wekilleri bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda yzygiderli iberilýän ynsanperwerlik kömegi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine berýän ünsi we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işleri üçin Owganystanyň halkynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk beýan edildi.

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugta binýadyna esaslanýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy. Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň we Namoýandagon Majlisiniň Başlyklary hem-de doganlyk ýurduň Premýer-ministri bilen duşuşyklary boldy.

Taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar, köpýyllyk tejribe we dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm binýadyny emele getirýär. Şunda ykdysady ugur bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgam hem döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan halklaryň ýakynlaşmagyna şert döredýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilelikdäki taryhyň unudylmajak sahypalarynyň biridir. Ýowuz ýyllaryň urşunda we tylda görkezilen deňsiz-taýsyz gahrymançylyk halk hakydasynda ebedi galdy. Ýeňiş güni GDA-nyň doganlyk halklaryny birleşdirýän möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy senedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maýda Moskwada Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çuňňur mana eýedir. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu ýurda iş saparyny amala aşyrdy.

Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde-de pugtalandyrmaga bolan taýýarlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bolan duşuşyklarynyň dowamynda-da tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň 15-16-njy maýda Kazan şäherine amala aşyran iş sapary Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisinde çykyş edip, bu formatdaky döwletara gatnaşyklara täze itergi berjek birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Kazana saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany bilelikde “Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisine baryp gördüler hem-de bu ýerde giň gerimli gözden geçiriliş, şol sanda Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanja, dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň aýratyn möhüm wakasydyr. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda türkmen topragyna daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlary ýygnan dabara geçirildi. 17-nji maýda Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly açyldy. Bu dabara dünýä derejesinde uly ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Söz ussadynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik akyldar şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda gurlan täze toplumyň düzümine dürli ýurtlaryň wekilleri bolan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň we akyldarlaryň heýkelleri oturdylan seýilgäh hem girýär. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragy öçmez-ýitmez eserlerinde halklary agzybirlige çagyrypdyr.

Dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzda medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maý aýynyň ahyrynda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär hem-de döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýär. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisine Arkalaşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow başlyklyk etdi. Mejlisiň jemleri metbugat maslahatynda beýan edildi. Onda forumyň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeli häsiýetde geçendigi aýratyn bellenildi. Şunda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygy bellenildi.

Mejlis başlamazdan ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkalaşyga agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Olarda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy. GDA-nyň giňişliginde döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri 22-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşyklarynyň hem esasy mazmunyny düzdi.

Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli erk-isleg, özara goldaw bermek, kyn pursatda kömek goluny uzatmaga taýýarlyk ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bolup geçen pajygaly waka — dikuçar heläkçiliginde Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň aradan çykmagy zerarly döwlet Baştutanymyzyň adyndan hem-de hut öz adyndan, şeýle-de türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi. Goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna, halkyna, wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna medet beriji sözlerini beýan edip, Halk Maslahatynyň Başlygy Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyndaky matam güni bilen bagly bu ýurda saparyny amala aşyrdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine pugta ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş maksatlaryna laýyk gelýän sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna anyk goşant goşmak arkaly döredijilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär.