I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda, № 3, 52-nji madda; 2023 ý., № 4, 92-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 1-nji maddada:
2-nji bentde «berilýän kepilnamalar, netijenamalar we güwänamalar» diýen sözleri «kagyz göterijide we (ýa-da) sanly ulgam arkaly berilýän rugsatnamalar, kepilnamalar, netijenamalar, güwänamalar, weterinariýa sertifikatlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
4-nji we 5-nji bentlerde «bellige» we «bu» diýen sözleri, degişlilikde, «döwlet tarapyndan hasaba» we «olara döwlet tarapyndan hasaba alnandygy» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 7-nji maddanyň birinji böleginde:
18-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«18) weterinariýa derman serişdeleriniň, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny amala aşyrýar we Döwlet reýestrini ýöredýär;»;
18-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«181) weterinariýa işi babatda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we olary ulanmak arkaly maglumat üpjünçiligini amala aşyrýar;»;
3) 8-nji maddanyň 5-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«51) daşary ýurtlardan weterinariýa gözegçiligine degişli bolan mallaryň we maldarçylyk önümleriniň getirilýän döwründe dürli sebäplere görä mallaryň ölmegi we (ýa-da) maldarçylyk önümleriniň ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelmegi netijesinde olaryň ýakylmagy we (ýa-da) gömülmegi üçin bellenilen tertipde ýer böleklerini bölüp berýärler hem-de zerur şertleri döredýärler;»;
4) 9-njy maddada:
üçünji bölekde:
birinji tesimde «Haýwanlaryň» diýen sözi «Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan haýwanlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:
«Adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da zerurlyk ýüze çykan halatynda haýwanlaryň aýratyn howply kesellerini anyklamaga, olaryň öňüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri geçirmek üçin zerur bolan waksinalary, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeleri, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri satyn almak we weterinariýa çärelerini geçirmek gullugyň öz serişdeleriniň (býujetden daşary serişdeler we (ýa-da) daşary ýurt pulundaky serişdeler) hasabyna amala aşyrylyp bilner.»;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Haýwanlaryň ýokanç däl, gan sorujy-parazitar we gelmintoz-gurçuk keselleriniň garşysyna zerur öňüni alyş, bejeriş çärelerini geçirmek üçin, gullugyň öz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan waksinalar, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeler, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri we weterinariýa derman serişdeleri ulanylyp bilner. Şol serişdeler we edilen hyzmatlar üçin tölegler weterinariýa gözegçiligine degişli mallaryň we maldarçylyk önümleriniň eýeleriniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.»;
dördünji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«41. Hiç kimiň eýeçiligine degişli bolmadyk ýabany haýwanlar we guşlar, suwda ýaşaýan janly-jandarlar hem-de ýabanylaşan haýwanlar üçin ulanylýan waksinalar, dezinfeksiýa, dezinseksiýa işleri üçin ýuwujy serişdeler, barlaghana üçin anyklaýyş serişdeleri gulluk tarapyndan muzdsuz üpjün edilýär we weterinariýa hyzmatlary tölegsiz amala aşyrylýar.»;
bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde gulluk tarapyndan weterinariýa derman serişdeleri bilen üpjün edilýän ulag serişdelerini zyýansyzlandyryş geçelgelerinde awtoulag serişdeleriniň zyýansyzlandyrylandygy üçin tölegler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ýeke-täk möçberlere laýyklykda amala aşyrylýar, edilen beýleki weterinariýa hyzmatlary üçin tölegler degişli ministrlikler bilen ylalaşylyp, weterinariýa hyzmatlary üçin tassyklanylan nyrhnamalar esasynda amala aşyrylýar.»;
5) 17-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde «bellige» diýen sözi «döwlet tarapyndan hasaba» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 19-njy maddada:
üçünji bölekde «Gullugyň barlaghanasynyň» diýen sözleriň öňünden «Ýokanç keseller dörän ýagdaýynda» diýen sözleri goşmaly;
dördünji bölekde «bellige alnan» diýen sözleri «döwlet tarapyndan hasaba alnan» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 20-nji maddada:
ikinji bölegiň birinji tesiminde we 1-nji bendinde «bellige alnan weterinariýa» we «bellige» diýen sözleri degişlilikde «hasaba alnan weterinariýa derman» we «döwlet tarapyndan hasaba» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölekde «Gulluk hem-de onuň ygtyýar bermegi bilen» diýen sözleri «Gulluk tarapyndan hem-de onuň bir gezeklik rugsatnamasy esasynda» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 21-nji maddanyň bäşinji böleginde «Tohum mallaryň» diýen sözleri «Tohumlyk önümleriň (tohum mal, onuň tohumy (döli) we düwünçegi, inkubasion ýumurtgalar, işbil, liçinkalar, balary paketleri)» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 22-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Degişli barlaglar geçirilenden soňra döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnama berlen ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny daşary ýurtlardan Türkmenistana getirmek, ýurdumyzda öndürmek, önümçilige ornaşdyrmak, ýerlemek, ulanmak we saklamak gullugyň rugsatnamasy boýunça amala aşyrylýar.
2. Şu görkezilenlerden başga halatlarda diňe döwlet tarapyndan hasaba alnan ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny peýdalanmaga ygtyýar berilýär:
1) ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň döwlet tarapyndan hasaba almak üçin nusgalary getirilende;
2) ot-iýmler we ot-iým goşundylary ýerlemek hukugy berilmezden, sergilerde, ýarmarkalarda, maslahatlarda görkezmek üçin getirilende.
3. Haýwanlaryň ösüşini çaltlandyrýan we önümliligini artdyrýan biologik gurplandyryjylary, garmonlary we beýleki himiki serişdeleri ygtyýar edilýän möçberlerde ulanmaga rugsat berilýär.
Haýwanlaryň ösüşini çaltlandyrýan we önümliligini artdyrýan biologik gurplandyryjylary, garmonlary we beýleki himiki serişdeleri ulanmagyň möçberleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.