Ï Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 4638

I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda, № 4, 142-nji madda; 2018 ý., № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 2, 27-nji madda, № 3, 73-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 3, 73-nji madda, № 4, 89-njy madda) şu goşmaçalary girizmeli:

149-njy maddanyň ikinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Nikany bozmak hakyndaky hak isleýiş arzada şu maddanyň ikinji böleginde görkezilenlerden başga-da, är-aýalyň bile ýaşamagy we maşgalanyň saklanyp galmagy mümkinçiliginiň aradan aýrylandygy barada nikany bozmagyň sebäpleri we oňa getiren ýagdaýlary anyk görkezilmelidir.»;

171-nji maddanyň 2-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«21) nikany bozmak hakyndaky işler boýunça taraplar bilen söhbetdeşlik geçirýär hem-de nikany bozmagyň sebäplerini deslapdan aýdyňlaşdyrýar we taraplaryň ýaraşmagy üçin her bir işiň aýratynlyklaryndan (maşgalanyň ýaşaýyş şertleri, maşgala agzalarynyň özara gatnaşygy, çagalaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi, işe jemgyýetçilik wekilleriniň çekilmegi we beýleki ýagdaýlar) ugur alyp, zerur çäreleri görýär hem-de nikany bozmaklygyň hakykat ýüzünde başga maksatlar üçin ulanylmagyna ýol bermezlik üçin degişli işleri geçirýär.»;

180-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Maşgala işleri boýunça önümçilikde seredilýän işlere taraplaryň özüniň gatnaşmagy hökmanydyr, ýöne taraplaryň biriniň Türkmenistanyň çäginden daşarda bolan halatlary muňa degişli däldir.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.