Ï Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 7222

I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 30-njy madda, № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 38-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 26-njy maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Nikany bozmak hakynda işe kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen maşgala işleri boýunça önümçiligiň kadalary bilen birlikde hak islegi önümçiligi tertibinde garalýar.»;

dördünji bölegiň 3-nji bendini aýyrmaly;

bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«51. Nikany bozmak hakynda kazyýet tarapyndan çözgüt çykarylandan soň, ýöne nikanyň bozulandygy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alynmazdan öň är-aýal ýaraşan ýagdaýynda, kazyýet olaryň arzalary esasynda bu meseläni taraplaryň nika bozmak baradaky öňki raýat işiniň çäginde seredip, çözgüdi ýerine ýetirmekligi bes edýär we bu barada kesgitnama çykarýar.»;

2) 27-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäreleri görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin üç aýa çenli möhlet bellemäge, eger-de üç aý möhletiň dowamynda är-aýal ýaraşmasa, ýöne maşgalany saklamak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk bolsa, onda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin alty aýa çenli goşmaça möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.