Ï Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler

view-icon 3059
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler

Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça breýn-ring geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen bilelikde çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýärler.

Breýn-ringe ýurdumyzyň 9 ýokary okuw mekdepleriniň – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşarlar.

Bäsleşikde her ýokary okuw mekdepden dört talypdan ybarat bolan toparlar çykyş ederler. Akyl-paýhas bäsleşigi 10-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň ileri tutulýan diplomatik ugurlary boýunça Okuw merkezinde iňlis dilinde geçiriler.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň diplomlary hem-de çäräniň hemaýatkärleriniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşik ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary söwda syýasatynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň has çuňňur öwrenilmegine, halkara ykdysadyýetindäki ýagdaýlara seljerme bermek we daşary ykdysady aragatnaşyklary meýilleşdirmek babatda giň bilimlere eýe bolan zehinli we ukyp-başarnykly talyplary ýüze çykarmaga, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim we ylym gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.