Ï Köýtendagyň gözellikleri we täsinlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň gözellikleri we täsinlikleri

view-icon 5576
Köýtendagyň gözellikleri we täsinlikleri

Berkarar Diýarymyzyň dünýäniň jahankeşdeleriniň, bilermenleriniň ünsüni özüne çekýän täsin tebigaty bar. Adamzat durmuşynyň, ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan tebigaty gorap saklamak, ony nesillere tämizligi bilen ýetirmek her bir döwrüň öňünde durýan mukaddes borçdur.

Hut şonuň üçinem ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak maksady bilen tebigy goraghanalaryň ençemesi hereket edip, olaryň üçüsi Lebap welaýatynda ýerleşendir. Şeýle goraghanalaryň biri hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli Köýtendag tebigy goraghanasydyr. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öň ýanynda bu goraghana degişli Köýtendagyň keramat saýylýan aýratynlyklary bilen içgin tanyşmak, täsin syrlaryna aralaşmak has gyzykly bolsa gerek. Özüniň gözelligi, syrly gowaklary, dereleri, dürli görnüşli tebigy baýlyklary bilen özüne «kerem-keramatly» diýdirýän Köýtendag pähimdar ata-babalarymyzyň «Gudrat görseň, daglara bar» diýen pähimini bada-bat ýadyňa salýar.

Hakykatdan-da Köýtendagyň goýnuna aralaşyp, onuň ençeme ýyllaryň döreden tebigy täsinliklerine nazar salanyňda, pederlerimiziň müň keren mamladygyna göz ýetirýärsiň. Köýtendaga seýrana baranyňda, ilki bilen, beýikligi 3 müň 139 metre barabar bolan ýurdumyzyň iň beýik nokady – Aýrybaba belentligine gözüň düşýär. Depesini bulutlara dirän bu üsti garly belentligi synlanyňda, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň, beýik tutumlarynyň belentligi göz öňüňde janlanýar. Köýtendaglarynyň iň bir täsin, diňe şu daglara mahsus gözellikleriniň biri-de aralyklary dar jülgeleri, uzyn we kert gaýaly, ýokary seretseň asmanyň bir bölejigini gyrkyp alan ýaly görünýän dereleridir.

Köýtendagda şeýle dereleriň ençemesi bolup, olaryň Umbar, Daraýy, Kyrkgyz, Bulak, Hojagarawul ýaly atlary bar. Bu dereleriň arasynda Daraýy dere gözelligi, täsin keşbi bilen has tapawutlanýar. Bu deräniň uzynlygy 18 kilometr, ini 15-20 metr, kä ýerde ondan hem giňräk bolup, iki gyrasynda beýikligi onlarça metrden başlanyp, ýüzlerçe metre ýetýän kert gaýalardan ybaratdyr. Deräniň şaglawukdan gaýdýan çeşmesi bolsa, tomus paslynda töwerege salkynlyk berýär. Daraýy dereden akýan çeşmäniň iki tarapynda kerkaw, dagdan we beýleki agaçlardan, ýabany üzümlikden ybarat tokaýlyk oňa aýratyn bezeg berýär. Bu tokaýlygyň kert gaýalaryň ýüzünde bolmagy, şeýle hem bu ýerlerde bürgüt, gyrgy we beýleki guşlaryň höwürtgeleri nazaryňy özünde jemleýär.

Köýtendaglaryny dünýä meşhur eden täsinlikleriň ýene-de biri dinozawrlaryň yzlary galan belent tekizlikdir. Bu yzlar 140-150 ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozawrlara degişli diýip alymlar çaklaýarlar. Bu ýerde boýy-ini 400 we 300 metr bolan ýapgyt tekizligiň ýüzünde dinozawrlaryň aýak yzlarynyň 2 müň 500 töweregine, olaryň ýodalarynyň bolsa 31 sanysyna gabat gelip bolýar. Belli bir ýerde dinozawrlaryň aýak yzlarynyň şeýle köp ýerleşen ýeri dünýäde ýokdur. Häzirki wagta ylym üçin bu täsin we gymmatly yzlary gorap saklamak we öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.

Köýtendag hakynda söhbet edilende, Köýten köli barada hem hökman durlup geçilmelidir. Köýten obasynyň golaýynda ýerleşýän, dury suwly Köýten köli ýurdumyzdaky iň çuň kölleriň biridir.

Köýtendagyň ösümlik dünýäsiniň täsinligi we köpdürlüligi hem özüneçekijidir. Köýten obasynyň golaýynda ýarym gektar çemesi meýdanda ýurdumyzda gabat gelýän arnap agaçlaryndan ybarat ýeke-täk tokaýlyk ýerleşendir. Şeýle hem arnap agajy halkyň arasynda unaby, çylan (igde) ýaly atlar bilen hem tanalyp, gadymyýetden bäri onuň ýapragy we miwesi ynsan saglygyny bejermekde melhem hökmünde ulanylyp gelnipdir. Arnap agajynyň dermanlyk häsiýetleri barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem anyk maglumatlar berilýär. Köýtendagynda ösümlikleriň 930-dan gowrak görnüşi bolup, olaryň 10 göteriminiň diňe şu ýerlerde gabat gelýändigi anyklanandyr. Şeýle hem bu ösümlikleriň aglabasy dermanlyk ösümlikler hökmünde tanalýar.

Ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp duran arça agajy hem Köýtendagyň esasy bezegleriniň biridir. Bu dag agaçlarynyň esasy aýratynlygy olaryň dagyň demirgazyk tarapynda 1100 metr, günorta çäklerine bolsa, 1700-1900 metr belentliklerde duş gelýänligidir. Arça tokaýlygy, esasan, Köýtendag tebigy goraghanasynyň çäklerinde ýerleşip, onuň tutýan meýdany onlarça müň gektara barabardyr. Arça agajynyň dagyň belentliginde ýerleşýänleriniň 10-15 metr, derelerde we jülgelerde ýerleşýänleriniň bolsa, 20 metre ýetýän boýy bardyr. Arça tokaýlyklary dürli ýabany haýwanlaryň mesgenidir.

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi barada aýdylanda, bu ýerde süýt emdirijileriň 40-dan gowrak görnüşiniň duş gelýändigini aýtmak bolar. Olaryň arasynda burma şahly dag tekesini ýa-da başgaça mahrur ady bilen belli bolan görnüşini agzamak hökmandyr. Mahrur ýurdumyzda diňe Köýtendagda gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Olar deňiz derejesinden 1500-2500 metr belentlikde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Dagyň kert gaýalarynda haýran galdyryjy hereketleri edýän bu haýwanlar goraghana tarapyndan berk gorag astyna alnandyr.

Keramatly hasaplanylýan Köýtendagda gözelligiň nyşany bolan gülleriň hem onlarça görnüşiniň bardygyny belläp geçmek bolar. Halkymyzyň arasynda «Bagt güli» ady bilen tanalýan çigildemiň ýurdumyzda duş gelýän 16 görnüşiniň 8-siniň Köýtendagda bitýänligi onuň aýratynlygydyr. Deňiz derejesinden 700-3000 metr belentlikde, ýagny dagyň orta we ýokary guşaklygynda bitýän uly gozaly çigildem gülüň bu görnüşiniň iň owadan we seýrek duş gelýän görnüşidir.

Köýtendaglarynyň tebigy gözelliklerini we täsinliklerini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça ýurdumyzda, şol sanda Köýtendag tebigy goraghanasy tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar.