S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jora Jumakulow Gazagystan-Germaniýa uniwersiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýeledi.
Jora Jumakulowyň «Gün energiýasynyň ulanylmagy we arassa suwuň alynmagy» atly ylmy taslama işi bäsleşigiň eminleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ol bäsleşige Durnukly ösüş maksatlarynyň «Durnukly ösüşiň bähbitlerini gorap saklamak ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklamak we rejeli ulanmak» atly 14-nji maksadyna hem-de «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we täzeden dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň hem-de biologiki köpdürlüligiň ýitip gitmeginiň öňüni almak» atly 15-nji maksadyna degişli «Suw we ýer serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak» ugry boýunça gatnaşdy.
Bäsleşik iki tapgyrdan hem-de jemleýji tapgyryndan ybarat boldy. Oňa 7 ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si gatnaşmaga hukuk aldylar. Şol ýurtlaryň arasynda – Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Owganystan we Mongoliýa boldy. Jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça her ýurtdan bir talyp birinji orunlara mynasyp boldular.
Türkmen talyplary DÖM boýunça dürli bäsleşiklerde ýygy-ýygydan ýokary netijelerini görkezýärler. Munuň özi DÖM-iň gazanylmagyna olaryň aýratyn goşantlaryny, şeýle hem ýurtda görülýän çäreleriň netijeliligini hem-de bu ugurda gazanylýan aýdyň üstünlikleri ýüze çykarýar.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda BMG 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşler boýunça Gün tertibini kabul etdi. Türkmenistan onuň işlenilip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sinden ybarat bolan maksatnamany ugrukdyryjy hökmünde kabul etdi.
Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmegi maksat edinýär we bütindünýä ähmiýeti bolan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini üstünlikli durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. DÖM-iň gazanylmagy durmuş, ykdysady we ekologiýa durnuklylygynyň sazlaşygyny üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy wezipeleri çözmek ugrunda gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar.