Ï Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

view-icon 5082
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň durmuşynyň her bir güni şatlykly wakalara beslenip, ildeşlerimiziň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi şeýle wakalaryň biri boldy.

Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Gutlagyny iberdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny, ýörelgelerini döredipdirler. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri asyrlaryň dowamynda durmuşa berk ornaşyp, uly ähmiýete eýe boldy. Daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle gatnaşyklar häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmak ugrundaky düýpli çäreler bilen utgaşyp, täze öwüşgine eýe bolýar hem-de barha ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzyň gözel tebigatyny, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary has-da baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny takyk görkezmek bilen, ýurduň biodürlüliginiň san taýdan üýtgeýşiniň möhüm görkezijisidir. Resmi taýdan kabul edilen nama hökmünde onda ýurduň ýabany ösümlikleriniňdir haýwanlarynyň seýrek duş gelýän, sany azalýan hem-de ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriniň tebigatdaky sany, ýaýrawy, ýagdaýy we gorag çäreleri barada bir nusga getirilen maglumatlar berilýär.

Gyzyl kitap milli kanunçylyga hem-de halkara konwensiýalara we ylalaşyklara laýyklykda işlenilip taýýarlanylýar. Oňa girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleri döwletiň goragy astynda durýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby üç gezek — 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi.

Gyzyl kitabyň 3-nji neşiri çapdan çykandan soň, Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygy täzelendi, halkara ölçegleri hasaba almak bilen, täze kanunlar işlenip taýýarlanyldy, hereket edýänlerine üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirini taýýarlamak üçin zoologiýa we botanika boýunça kiçi toparlardan ybarat bolan pudagara topar döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alymlary we hünärmenleri girizildi. Gyzyl kitaby taýýarlamak üçin pudagara toparyň agzalaryndan başga-da, botanikler we zoologlar işe çekildi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri taýýarlanylanda, Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawynyň, şeýle-de ýurduň ozalky neşir edilen Gyzyl kitabynyň maglumatlary ulanyldy. Täze neşirde görnüşiň ýagdaýynyň milli derejesini anyklamakda esas hökmünde ilkinji gezek 1994-nji ýylda çap bolan TGHB-niň Gyzyl sanawynyň ölçegleri alyndy. Ählumumy derejede howp abanýan — düýbünden ýitip barýan, ýitip barýan we ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşlere aýratyn üns berildi.

Kitapda görnüş ýazylyp beýan edilende, onuň derejesi, genofondy gorap saklamakdaky ähmiýeti, ýaýraýşy, duş gelýän ýerleri, sany we onuň üýtgemek meýli, esasy çäklendiriji sebäpler, haýwanlaryň köpeldilişi, ösümlikleriň ösdürilip ýetişdirilişi, gorag üçin görlen çäreler, barlag boýunça teklipler hem-de ulanylan edebiýatlardyr beýleki çeşmeler barada maglumatlar berildi. Şeýle-de görnüşiň reňkli suratlary we onuň duş gelýän ýerleriniň karta çyzgysy ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga döwletimiziň ygrarlydygynyň ýene-de bir güwäsine öwrüldi.