Türkmenistanyň wekiliýeti 4–7-nji iýun aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilýän «UI GreenMetric-iň institusionallaşdyrylmagy: öňe tarap ýol» diýen tema degişli uniwersitetleriň «UI GreenMetric» dünýä reýtingi boýunça (IWGM 2024) 10-njy Halkara workşopa gatnaşýar.
Çäre Indoneziýanyň uniwersiteti tarapyndan Kolumbiýanyň ýokary okuw mekdepleri – Rosario uniwersiteti, Haweriana uniwersiteti, Günbataryň Awtonom uniwersiteti, Milli uniwersitet we El-Boske uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Durnukly ösüş babatda tagallalary birleşdirmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara workşop dürli ýurtlaryň, şol sanda Kolumbiýanyň, Indoneziýanyň, Russiýanyň, Ekwadoryň, Braziliýanyň, Argentinanyň, Italiýanyň, Saud Arabystanyň, Meksikanyň, Nigeriýanyň, BAE-nyň hem-de beýleki döwletleriň akademiki toparlaryny, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, görnükli alymlaryny, professorlaryny, dosentlerini, mugallymlaryny bir ýere jemledi.
Forumda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň müdiri Serdar Garaýew hem-de ýokary okuw mekdebiň ekologiýa we ekologiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Döwlet Annamyradow, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Kadyr Amanow Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Çärä gatnaşyjylar okuw maslahatyň dowamynda tanyşdyrmalar bilen çykyş edip, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüşe ygrarlydyklaryny nygtap, bu ugurda alnyp barylýan köp taraply işler barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň wekilleri duşuşyga gatnaşyjylary energiýa tygşytlaýjy binalaryň, gaýtadan dikeldilýän energetika taslamalary hem-de galyndylary dolandyryş maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Şeýle hem olar energiýa we suw tygşytlaýyş hem-de ilat arasynda ekologiýa serişdelerine aýawly garamagy wagyz etmek babatda ýokary okuw mekdepleriň alyp barýan işleri baradaky maglumatlar dogrusynda gürrüň berýän aýdyň gollanmalary görkezdiler.
Umuman, okuw maslahatyň maksatnamasyna oňa gatnaşyjylaryň 60-dan gowrak tematiki çykyşlary we tanyşdyrmalary girýär. Uniwersitetleriň hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleriniň ünslerini çekmek arkaly howanyň ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek, energiýa we suw tygşytlamak, galyndylary gaýtadan işlemek hem-de ekologiýa taýdan arassa ulaglar boýunça wajyp meseleleriň bilelikde we netijeli ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, guramaçylaryň tagallalary halkara hyzmatdaşlyk, her uniwersitetiň «UI GreenMetric-e» gatnaşmagynyň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, okuw toplumlarynyň çäklerinde durnukly ösüşi dolandyrmak ulgamynda tejribe we gazanylan üstünlikleri alyşmak üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge-de gönükdirilendir.
Okuw maslahatynda tanyşdyrmalar bilen «UI GreenMetric-2023» reýtinginde ýokary netijeleri görkezen uniwersitetleriň çykyş edýändiklerini bellemek gerek.
Bu neşiriň geçen ýylyň dekabr aýynda çap edilen reýtinginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2022-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 205 orun ýokary galyp, 432-nji orny eýelän Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öňdeligi eýeledi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti alyp barýan işleriniň netijeliliginiň görkezijileri boýunça reýtingde tapawutlandy hem-de 456-njy orunda ýerleşdi.
«UI GreenMetric World University Ranking» – uniwersitetleriň ekologiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge ymtylyşlaryny, şeýle hem olaryň daşky gurşawy goramak babatda durnukly ösüşe ýardam berişini ölçeýän her ýyl düzülýän reýting. Reýtinge dünýäniň uniwersitetleri okuw toplumlarynyň ekologiýa durnuklylygyň şertler we infrastruktura, energetika, galyndylaryň dolandyrylyşy, suw tygşytlanyş, ulag we bilim ýaly görkezijilerine laýyk gelşine görä orunlarda ýerleşdirilýär.
«UI GreenMetric» Indoneziýanyň uniwersitetleriniň iň esasy maksatnamalarynyň biri bolup, uniwersitet tarapyndan 2010-njy ýyldan bäri düzülýär, şonda reýtinge gatnaşyjylaryň sany 35 ýurtdan 100-e golaý uniwersitete barabardy. Geçen 14 ýylda bu görkeziji ep-esli ýokarlanyp, 2023-nji ýylda reýtinge dünýäniň 86 ýurtlaryndan uniwersitetleriň 1183-si gatnaşdylar.