Ï Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 9506

Şu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet syýasaty

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasaty Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýar.

2. Şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär.

Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir.

3. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy döwlet tarapyndan goralýar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýär.

4. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilýär, şol sanda döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar.

5. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly günler kanunçylyk esasynda bellenilýär.

6. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak, rejelemek, dünýä ýaýmak, peýdalanmak, ylmy taýdan barlamak, halka ýetirmek hem-de onuň jemgyýetçilik ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin maksatlaýyn döwlet maksatnamalary kabul edilip bilner.

2-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy hakynda

Türkmenistanyň kanunçylygy

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň düzümi

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna şular degişlidir:

1) Magtymguly Pyragynyň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar;

2) Magtymguly Pyragynyň nebereleri hem-de şahyrlar, alymlar, bagşylar tarapyndan onuň şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy;

3) Magtymguly Pyragynyň nesil şejeresine degişli resminamalar we maglumatlar;

4) Magtymguly Pyragynyň neşir edilen goşgulary we beýleki edebi eserleri;

5) Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi barada fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar, şol sanda kino, wideo, fono, foto resminamalar, poçta markalary, çeperçilik-sungat eserleri, golýazmalar we beýleki materiallar;

6) Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik hakykatyna bagyşlanan kitaplar, ylmy işler we makalalar, çap önümleri, pýesalar, kinossenariler, filmler, spektakllar, wideoşekiller, teleradiogepleşikler, şeýle hem kompozitorlaryň, bagşy-sazandalaryň we çeper halk döredijilik eserleri we beýleki eserler.

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

Şu Kanunyň maksatlary şulardan ybaratdyr:

1) Magtymguly Pyragy hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek;

2) Magtymguly Pyragynyň ilatda saklanylýan golýazmalaryny we beýleki ýazuw ýadygärliklerini toplamak, rejelemek boýunça çäreleri işläp düzmek, şeýle hem alymlaryň şol golýazmalar babatda iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmek;

3) Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň ählitaraplaýyn ylmy barlaglarynyň geçirilmegi, öwrenilmegi we wagyz edilmegi üçin şertleri döretmek boýunça işi hil babatda täze derejä çykarmak;

4) ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde we ösdürmekde, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna çuňňur hormat goýmak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas hazynasyndan peýdalanmak;

5) dünýä medeniýetiniň ösmegine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmak;

6) Magtymguly Pyragynyň golýazmalaryny we beýleki ýazuw çeşmelerini toplamak, aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek, onuň edebi mirasynyň öwrenilmedik eserleriniň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglara aýratyn üns bermek;

7) Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny neşir etmek, terjime etmek we ylmy düşündirişler bilen üpjün etmek arkaly bilim-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak hem-de ylmy dolanyşyga girizmek;

8) Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çeper, ylmy we ylmy-köpçülikleýin kitaplaryň, pýesalaryň, kinossenarileriň, makalalaryň çap edilmegini üpjün etmek;

9) Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan spektakllaryň, kino, aýdym-saz, çeper halk döredijilik eserleriniň, wideoşekilleriň, telefilmleriň, teleradiogepleşikleriň döredilmegini üpjün etmek;

10) Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan kino, teatr we sungatyň hem-de edebiýatyň beýleki ugurlary boýunça festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň, ylmy forumlaryň guralmagyny üpjün etmek;

11) Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan etmek.

5-nji madda. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlaryna şular degişlidir:

1) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň toplanylmagyna, ylmy taýdan barlanylmagyna, öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň toplanylmagyna we aýawly saklanylmagyna gönükdirilen zerur hukuk, maddy-tehniki, maliýe, dolandyryş we guramaçylyk, ylmy-barlag çärelerini durmuşa geçirmek;

3) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýaýratmak we elýeterli etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy guramak we ösdürmek;

4) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny aýawly saklamak maksady bilen, netijeli ylmy-tehniki we medeniýeti öwreniş barlaglaryna, şeýle hem ylmy-barlag usulyýetleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna ýardam bermek;

5) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň giň jemgyýetçilik üçin bellenilen tertipde, şol sanda sanly elektron ulgam arkaly elýeterliligini üpjün etmek;

6) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy barada jemgyýetçiligiň, hususan-da, ýaşlaryň düşünjeliliginiň we habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek;

7) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň bilim edaralarynda öwrenilmegini guramak;

8) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň beýan edilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan monumental heýkelleriň, ýadygärlikleriň, taryhy ýerleriň, muzeýleriň goralmagyny üpjün etmek;

9) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine we dünýä ýaýylmagyna jemgyýetçiligiň, esasan-da, ýaşlaryň giňden gatnaşmaklaryny üpjün etmek;

10) Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly taryhy-medeni ähmiýetli ýerlerde syýahatçylygyň ösdürilmegine ýardam etmek.


II BAP. MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ MEDENI MIRASY BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

6-njy madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy babatda

döwlet düzgünleşdirmesini

amala aşyrýan edaralar

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk — ygtyýarly edara) hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler

Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň döwlet eýeçiliginde durýan gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edilişine we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

3) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň obýektlerini ýüze çykarmagyň, aýawly saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;

4) Magtymguly Pyragynyň monumental heýkelleriniň, ýadygärlikleriniň, ömri we döredijiligi bilen bagly taryhy ýerleriň döwlet hasabyna alnyşyna we goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

5) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy barada sanly portallaryň, web-saýtlaryň, maglumatlar gorlarynyň we gaýry innowasion ulgamlaryň döredilmegine we olaryň hereket etmegine ýardam edýär;

6) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň

ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda:

1) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň obýektlerini goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň obýektleriniň ýüze çykarylmagyny, döwlet hasabyna alynmagyny, öwrenilmegini, rejelenilmegini, aýawly saklanylmagyny, goralmagyny, wagyz edilmegini we peýdalanylmagyny amala aşyrýar;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Ministrlikleriň, pudaklaýyn

dolandyryş edaralarynyň,

ýerine ýetiriji häkimiýetiň

ýerli edaralarynyň we ýerli

öz-özüňi dolandyryş

edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;

3) gozgalýan gymmatlyklaryň ýüze çykarylmagyna, döwlet hasabyna alynmagyna, aýawly saklanylmagyna, goralmagyna, rejelenilmegine, öwrenilmegine, terjime edilmegine, wagyz edilmegine we peýdalanylmagyna ýardam edýärler;

4) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy barada sanly portallary, web-saýtlary, maglumatlar gorlaryny we gaýry innowasion ulgamlary döredip bilerler;

5) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna degişli golýazmalaryň, resminamalaryň we materiallaryň taryhy, medeni gymmatlylygynyň kesgitlenilmegine bilermenler hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gatnaşýarlar;

6) degişli çägi ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet hasabyna alynmagyny, aýawly saklanylmagyny, goralmagyny we rejelenilmegini guramak boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýarlar.

10-njy madda. Jemgyýetçilik

birleşikleriniň we raýatlaryň

Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy babatda

amala aşyrylýan işlere

gatnaşmagy

Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda:

1) döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine, ylmy taýdan barlanylmagyna, aýawly saklanylmagyna, goralmagyna, gaýtadan dikeldilmegine, ýaýradylmagyna we peýdalanylmagyna gatnaşýarlar;

3) döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ylym we bilim edaralary, medeniýet guramalary bilen bilelikdäki işleri amala aşyrýarlar;

4) jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýarlar;

5) düşündiriş we wagyz işlerini geçirýärler;

6) Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň esasynda ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek we ösdürmek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna çuňňur hormat goýmak, watançylyk duýgusyny terbiýelemek işine gatnaşýarlar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry işlere gatnaşýarlar.


III BAP. MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ MEDENI MIRASYNYŇ DÖWLET GORAGY

11-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

adynyň dakylmagy,

adynyň we şekiliniň

ulanylmagy

1. Magtymguly Pyragynyň adynyň döwlet obýektlerine, geografik we gaýry obýektlere dakylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Magtymguly Pyragynyň ady we şekili Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ulanylýar.

3. Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň atlarynda, resmi blanklarynda, şeýle hem haryt nyşanlarynda, mahabatlarda, çap önümlerinde, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende hem-de internet ulgamynda degişli rugsatsyz ulanylmagyna ýol berilmeýär.

Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň düýp manysyny üýtgetmeýän käbir elementleriniň üýtgedilmegi bilen ulanylmagy Magtymguly Pyragynyň adynyň we şekiliniň ulanylmagy diýlip ykrar edilýär.

12-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

monumental heýkelleriniň,

ýadygärlikleriniň we edebi

eserleriniň döwlet goragy

1. Magtymguly Pyragynyň monumental heýkelleri, ýadygärlikleri we edebi eserleri Türkmenistanyň medeni gymmatlygydyr. Olar döwlet belligine alynmaga degişlidir.

2. Döwlet Magtymguly Pyragynyň daşary ýurtlarda ýerleşýän monumental heýkellerini goramak babatynda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

3. Döwlet Magtymguly Pyragynyň döredilýän çeper keşbiniň onuň ykrar edilen şekiline laýyklygyna bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär.

4. Döwlet Magtymguly Pyragynyň edebi eserleriniň asyl nusgalarynyň aýawly saklanylmagyny, goralmagyny, ýoýulmazlygyny we geljek nesillere miras galdyrylmagyny üpjün edýär.

13-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasynyň

gozgalýan

gymmatlyklarynyň alnyp

gidilmegi we getirilmegi

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň alnyp gidilmegi we getirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

14-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy babatda

maliýeleşdirmek

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň, býujetden daşary serişdeleriň, döwlet edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň serişdeleriniň, hemaýatkärleriň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

15-nji madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy babatda

halkara hyzmatdaşlyk

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

16-njy madda. Magtymguly Pyragynyň

medeni mirasy hakynda

Türkmenistanyň

kanunçylygynyň

bozulandygy üçin

jogapkärçilik

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

17-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

18-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji iýuny.