Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümini geçirmek boýunça raýatlardan teklipleri kabul edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümini geçirmek boýunça raýatlardan teklipleri kabul edýär

view-icon 3785
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsümini geçirmek boýunça raýatlardan teklipleri kabul edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamasynyň geljekki IV möwsümini geçirmek boýunça ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän raýatlaryndan teklipleri kabul etmek üçin açykdyr.

Ýola goýlan däbe görä, Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän intellektual bäsleşigiň täze möwsümi 2024-2025-nji okuw ýylynda başlanýar. Taslamany kämilleşdirmek maksady bilen hem-de oňa artýan gyzyklanmany göz öňünde tutup, guramaçylyk topary hemme isleg bildirýänlere ýokary okuw mekdepleriň, orta mekdepleriň mugallymlaryna, talyplarydyr okuwçylaryna, ata-enelere hem-de beýleki türkmenistanlylara bäsleşigi geçirmek boýunça özleriniň täze tekliplerini we döwrebap pikirlerini paýlaşmagy teklip edýär. Türkmenistanyň DIM-niň HGI täze möwsümiň şygaryna, bäsleşikleriň mazmunyna, okuwçylar üçin ýumuşlara degişli we beýleki teklipleri kabul edýär. 

Raýatlar tekliplerini hem-de özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny guramaçylyk toparyna parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna 1-nji iýula çenli ibermelidirler.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň nobatdaky möwsümini açmak we geçirmek ugrunda alyp barýan yhlasly işlerini, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplardan gelip gowuşýan teklipleri nazarda tutanyňda, öňde boljak bäsleşigiň täze mazmun bilen baýlaşyp, okuwçylaryň arasynda has-da uly meşhurlyga eýe bolmagyna garaşylýar. 

Bäsleşigiň eýýäm dördülenji okuw ýyly yzygiderli geçirilýändigini ýatladýarys. Giň gerimli taslama Türkmenistanyň DIM-niň HGI we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar. Bu mekdep ýurdumyzyň orta mekdepleriniň taryha, syýasata, diplomatiýa aýratyn gyzyklanma bildirýän hem-de geljekde diplomatik işlerini alyp barmagy arzuw edýän 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir. Mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, has zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ymtylmalaryny höweslendirmek we goldamak, bilimlerini we ukyplaryny ösdürmek Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň bu taslamasynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.