Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy, tehnologik merkezleri we ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär.
Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli türkmen ýokary okuw mekdebinde geçirilen «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa, takmynan, 30 ýurtdan ylmy we akademik toparlaryň wekilleri ýygnandylar.
Uly göwrümli forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Milli Energetika uniwersitetiniň (Malaýziýa), Demirgazyk-günbatar oba we tokaý hojalygy uniwersitetiniň (Hytaý) we Kawasakiniň Senagat ösüşi institutynyň nanomedisina innowasiýalar merkeziniň (Ýaponiýa) arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnamalara gol çekildi.
Ozal gol çekilen Hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklar we Özara düşünişmek barada Ähtnamalaryň esasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Belarusyň, Wýetnamyň, Türkiýäniň we Awstriýanyň, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym we bilim pudagynda özara gatnaşyklary işjeň we netijeli ösdürýär.
Türkmen uniwersitetiniň wekilleri we olaryň daşary ýurt uniwersitetlerinden we ylym merkezlerinden kärdeşleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda hem bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň talyplary hyzmatdaş uniwersitetleriň we dünýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriň geçirýän abraýly halkara olimpiadalaryna, ýaryşlara, taslamalaryna üstünlikli gatnaşýarlar we baýraklara mynasyp bolýarlar.