Ï Gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar

view-icon 4011
Gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada kabul eden Karary esasynda gurulýan bu tutumly gurluşygy ýurdumyzda guran düýpli hem-de ýokary hilli binalardyr desgalary bilen adygan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.

Ýeri gelende, bu hojalyk jemgyýetiniň Gündogar sebitde Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, welaýat Saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, welaýat kitaphanasynyň binalaryny hem-de başga-da birnäçe döwrebap desgalary ýokary hil derejesinde gurandygyny belläp geçmek bolar. Geçen ýylyň sentýabr aýynda gurluşygyna girişilen, 20 gektar çemesi meýdanda ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Okuw mekdebiniň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün ediljek döwrebap täze binalar toplumynyň gurluşygynyň başlananyna bary-ýogy bir ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, gurluşyk işleriniň guramaçylykly, güýçli depginde dowam etdirilmegi netijesinde, bu ýerde eýýäm esasy binalaryň diwarlary dikeldilip, olaryň içki gurluşyk işlerine girişilipdir.

Şeýle hem dikeldilen diwarlaryň daş ýüzüne mermer plitalary oturtmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Dolandyryş-okuw binasyndan, şeýle-de fakultetler üçin okuw binalarynyň 2-sinden, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syndan, 1000 orunlyk naharhanadan, 700 orunlyk kitaphanadan, stadiondan, sport zalyndan we sport meýdançalaryndan, açyk we ýapyk awtoduralgalardan, hojalyk binasyndan hem-de beýleki tehniki we hyzmat binalaryndan ybarat bu täze desga üçin enjamlar, häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary ABŞ-dan, Britaniýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Türkiýeden we dünýäniň beýleki ösen döwletlerinden getirilýär. Gurluşyk işlerinde öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hem giňden ulanylýandygyny belläp geçmek bolar. Täze desganyň gurluşygynyň hil derejesine aýratyn üns berlip, ol hünärmenleriň aýratyn gözegçiliginde saklanýar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan möhletde doly tamamlanjakdygyna bu ýerde alnyp barylýan ýokary depginli işler bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.