Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 24-25-nji iýunda mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler.
Bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň pikirleniş tizligini we döredijilik ukyplaryny ösdürmek, Mental arifmetikany öwrenmekde iň ýokary netijeleri görkezýän çagalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, Mental arifmetikany intellektual sport görnüşleriniň biri hökmünde tanatmakdyr.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Mental arifmetika boýunça bäsleşik geçirmek baradaky Düzgünnama laýyklykda, jemleýji tapgyra ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 6–14 ýaş aralygyndaky 110 sany zehinli mekdep okuwçylary gatnaşar. Bäsleşik ýedi görnüş boýunça geçirilýär, olaryň iki görnüşi rekord goýmaga synanşyk görnüşinde geçirilýär.
Bäsleşigiň ilkinji gününde mekdep okuwçylary ýatdan senenamanyň hasabyny çykarmak, kwadrat kök almak, ýatdan goşmak we köpeltmek bilen baglanyşykly Mental arifmetika degişli dürli tabşyryklary ýerine ýetirmekde öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar Mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini görkezerler.
2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bäsleşigiň netijeleri jemlener, ýeňijileriň atlary yglan ediler we degişli diplomlar gowşurylar.
Mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň tertibi we oňa gatnaşjaklara bildirilýän talaplar barada doly maglumat Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda çap edilen degişli Düzgünnamada berildi.