Şu günler Diýarymyzyň sebitlerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi hasam gyzykly geçýär. Onuň çäklerinde ýatda galyjy, baý mazmunly täsirli çäreler Balkan welaýatynda hem uly şatlyk-şowhunda dowam edýär.
Şeýle çäreler Balkan welaýat häkimliginiň «Dürdäne» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde-de barha giň gerime eýe bolýar. Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän bu merkezde her tapgyrda çagalaryň 300-si dynç alyp, olar üç tapgyrdan ybaratdyr. Nusgalyk amatlyklary, döwrebap şertleri bolan merkezde çagalar oňat dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Bagtyýar nesiller bu ýerde sportuň we milli oýunlaryň dürli görnüşleri bilen meşgul bolup, guralýan özara bäsleşiklere höwes bilen gatnaşýarlar. Bäsleşiklerde aýdym aýtmak, surat çekmek, keşpleri ýerine ýerine ýetirmek, dürli reňkli kagyzlardan şekilleri ýasamak ýaly birnäçe ugurlar boýunça hem özleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Şonuň ýaly-da bu ýerde okuw gurnaklarynyň sekizisi hereket edýär. Oglanjyklar zähmet gurnagynda başlangyç zähmet endiklerini ele alýarlar, gyzjagazlar bolsa miras gurnagynda el işlerini öwrenýärler.
«Dürdäne» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde zehinli körpeler gül Watanymyzyň goýnundaky bagtyýarlygy, gözelligi, dost-doganlygy, parahatçylygy, çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Ýaş döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary-da alyslara ajaýyp mukam bolup dolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, täsin künjegi ir säherden tä giç agşama çenli çagalaryň şadyýan gülki sesleri, şatlyk-şowhuny gurşap alýar.