Şu ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça bilim alan hünärmenleriň nobatdaky, hasap boýunça, eýýäm üçünji goýberilişi boldy. Ýokary okuw mekdebiň iň oňat mugallymlary hem-de uly tejribeli diplomatlary olary daşary syýasat işleriniň möhüm ugurlary we diplomatik ylmynyň meseleleri boýunça okatdylar.
Türkmenistanda bilim we ylmy işleri ösdürmek meselelerine neneňsi ünsli hem-de çynlakaý garalýandygy hemmelere bellidir. Jemgyýetçilik ösüşiniň bu ugry ýurdumyzyň ýokary ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.
Şeýle çemeleşmäniň neneňsi dogrudygy soňky wagtlarda ylmy işlerde we umuman, bilim ulgamynyň ösüşinde bolup geçýän özgertmelerde ýüze çykýar. Ýurdumyzda her ýyl ýokary okuw mekdepleriň uçurymlarynyň, täze ýokary okuw mekdepleriň açylyşynyň hem-de Türkmenistanyň talyplary üçin iň döwrebap okuw toplumlarynyň ulanylmaga berilýänleriniň sany artýar. Munuň şeýledigine halkara ylmy maslahatlarda we forumlarda talyp ýaşlaryň gazanýan köpsanly diplomlarydyr baýraklary-da şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, düýpli ylymlar hem ösdürilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça kesgitlenilen ugurlaryň biri boýunça ol ýa-da beýleki ylmy işi taýýarlamaklary olary okatmagyň hökmany şertleriniň biri bolup durýar. Şol ugurlar bolsa sanly diplomatiýanyň gyzykly temalaryndan, seljeriş we strategik meýilleşdiriş meselelerinden, Gündogara degişli meseleleri öwrenmekden, halkara jemgyýetçilik we hususy diplomatiýadan, halkara ykdysadyýetden, syýasy kommunikasiýa we internet-žurnalistikadan ybaratdyr.
Magistraturany tamamlan hünärmenleriň ozalky goýberilişlerinden tapawutlylykda, şu ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň başlangyjy boýunça magistr-uçurymlaryň hemme ylmy-barlag işlerini bir ýere jemläp, olary ylmy makalalaryň aýratyn ýygyndysy görnüşinde çap etmek karar edildi. Bu pikir ýokary okuw mekdebiň Alymlar Geňeşi tarapyndan goldanyldy, işlere ýolbaşçylyk etmek bolsa institutyň iň tejribeli mugallymlarynyň biri, professor, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýewden haýyş edildi. Netijeler köp garaşdyrmady. Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynda «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly ýygyndy çap edildi. Onda institutyň häzirki magistrleriniň ylmy makalalary ýerleşdirildi.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy ýygyndynyň çykarylmagyna jogapkär adam bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň diplomatiýa we halkara gatnaşyklary kafedrasynyň professory Öwezdurdy Muhammetberdiýewden ýygyndynyň üstünde işlenilişi hem-de onda işleri çap edilen magistrler barada biraz gürrüň bermegini haýyş etdi.
– Ýedi bapdan ybarat ýygyndyda biziň uçurymlarymyzyň 63-siniň ylmy makalalary çap edildi – diýip, Ö.Muhammetberdiýew gürrüň berýär. – Ýygyndyny taýýarlamagyň üstünde işlemäge köp sanly mugallymlar we tehniki işgärler çekildi. Birinjiden, munuň bitewi ýygyndyny neşir etmek boýunça ilkinji tejribe bolandygy sebäpli, tematiki ugurlary bilen baglylykda, işleriň degişli mazmunyna görä bölünmegini hem-de ýerleşdirilmegini oýlanyp-pikirlenmek zerurdy. Ikinjiden, ýygyndyda neşir ediljek ylmy meseleleriň eýeleýän giň gerimini göz öňünde tutmalydy. Meniň pikirimçe, hiç zat ünsden düşürilmedi. Eger-de, magistrleriň işi barada aýtmaly bolsa, özleriniň ylmy işleriniň peýda bolmagyna olaryň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek gerek. Käbir magistrleriň işiniň gozgalýan meseläniň geljekde öwrenilmegi babatda uly üns berilmäge mynasypdygyny boýun almak gerek. Umuman aýdylanda bolsa, şeýle ýygyndylary neşir etmek tejribesi bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny subut edýär. Häzirki uçurymlardan soň geljekki magistrlere öz işlerini neneňsi taýýarlamalydygyndan ugur almak aňsat bolar, häzirki uçurymlar bolsa özleriniň ilkinji ylmy işläp taýýarlamalaryna eýe bolup, ylmy barlag işlerini dowam etmäge oňat mümkinçilik alýarlar.