Ï 2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 3936

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işlerine bagyşlanyp, her aýda taýýarlanylýan syn ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan wakalara beslenen geçen aýyň hem Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ajaýyp seneler bilen girendigini görkezýär.

3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onuň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum, syýahatçylyk, energetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

4-nji iýunda Daşary işler ministrliginde ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi bilen bolan duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamany durmuşa geçirmegiň, hususan-da, onuň çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çagalaryň saglygy, iýmitlenmegi, irki ösüşi, olaryň durmuş goraglylygy, ýokary hilli bilim ýaly esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň näsag çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

5-nji iýunda Türkmenistanyň we Yragyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Brýussel şäherindäki Daşary gatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň edarasynda geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli dialogyň nobatdaky mejlisinde ählumumy wehimlere, şol sanda terrorçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalaryň möhümdigi nygtaldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hup bilen geçirilen duşuşykda, hususan-da, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.

5-nji iýunda Wena şäherinde guralan Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisinde senagat, innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, işewür toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda “tegelek stol” maslahatlary hem-de gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

6-njy iýunda Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklary, şol sanda nebitgaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda, energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlyga, ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

7-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum bilen bolan duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-yrak toparynyň döredilmegi baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýurdumyz milli ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Saparyň çäklerinde giňişleýin düzümde gepleşikler geçirilip, olaryň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat maslahaty, şeýle-de Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşygy boldy.

11-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu düzümiň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy. Şeýle hem halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda, ýaşlar bilen netijeli işleri ilerletmekde gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

11-nji iýunda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebit wekili Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirilip, onda taraplar neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça sebit hem-de halkara taslamalaryň çäklerindäki geljegi uly hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdylar.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dragon Oil”, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd», “Rönesans Holding”, “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüş depginine ünsi çekip, hyzmatdaşlygy giň ugurlarda ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky täze bellenilen wekili Jalpa Ratna bilen bolan duşuşykda ileri tutulýan ugurlar we Türkmenistanyň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

17-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

18-nji iýunda Budapeşt şäherinde geçirilen türkmen-wenger syýasy geňeşmelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, onuň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, energetika, senagat, derman önümçiligi pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň Budapeşte saparynyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Raýmond Ýele hem-de Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary Şandor Ležak bilen duşuşyklar geçirildi.

20-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen geçiren duşuşygynda döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem milli kanunçylygy, parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

20-nji iýunda Praga şäherinde Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde dürli ugurlarda türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji we 25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça Ýörite wekili Olof Skug bilen duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda Türkmenistanyň ÝB bilen köpugurly, şol sanda ilatyň ýaşaýşynyň ýokary durmuş-ykdysady şertlerini üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi bellenildi. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ynsanperwer we adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi 25-nji iýunda geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça dialogyň 16-njy mejlisiniň esasy mazmunyny düzdi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky tekliplere garaldy. Şol gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatynyň maksady iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmekden ybarat boldy.

25-nji iýunda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25 — 27-nji iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain, Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri, Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň esasy mazmunyny düzdi.

28-nji iýunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen bolan duşuşykda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegini hemmetaraplaýyn goldamak üçin tagalla etjekdiklerini tassykladylar.

Şol gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen bolan duşuşykda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iýun aýynda Daşary işler ministrliginde Çehiýa Respublikasynyň, Awstraliýanyň, Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşyklar geçirilip, olarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, iri halkara guramalaryň we olaryň düzümleriniň ugry boýunça özara hereketleri has-da ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary Türkmenistanyň we dünýäniň döwletleriniň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi esasy ugur edinýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň beýany boldy.