Ï Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirdiler

view-icon 8184
Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirdiler

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Daşkendiň döwlet oba hojalyk uniwersiteti bilelikde «Magtymguly – ähli döwürleriň we halklaryň şahyry» diýen at bilen okuw-usulyýet maslahatyny geçirdiler.

Duşuşyk iki ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleriniň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirildi.

Maslahatyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täzegül Muhammetgulyýewa çykyş etdi. Onuň çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, zehinli şahyryň tutuş adamzat üçin bahasyz gymmatlyk bolup durýan eserleriniň filosofik mazmuny hem-de çuňňur ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.

Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen şygyrlary asyrlaryň jümmüşinden geçip, Ýer ýüzüniň hemme halklarynyň ýüreklerinde hemişe gyzgyn seslenmä eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy şu ýyl halkara derejesinde giňden we dabaraly bellenilýändigi, dünýäniň dürli ýurtlarynda şahyryň doglan gününiň şanly senesi mynasybetli köp sanly çäreleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Daşkendiň döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň özbek dili we edebiýaty kafedrasynyň müdiri Saýýora Halmirzaýewa özbek ýazyjylarynyň, edebiýaty öwrenijileriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn hormat we sarpa bilen garaýandyklaryny, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny geljekde-de wagyz etmek maksady bilen, çeper söz ussadynyň eserlerini çuňňur öwrenýändiklerini hem-de şygryýetiniň üstünde giňişleýin ylmy-barlag işlerini alyp barýandyklaryny we bu işlere ýaşlaryň işjeň goşulyşýandyklaryny belledi.

Daşkendiň ýokary okuw mekdebiniň talyplary şahyryň özbek diline terjime edilen söýgi baradaky goşgularyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen tolgundyryjy hem-de täsir ediji labyzly okap berdiler.