Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar

view-icon 3896
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar. Ol Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiosentr» FDAYE-niň goldamagynda Kazan Federal uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar.

KFU-nyň «Tomusky uniwersiteti» 8-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Başir Rameýew adyndaky IT-seýilgähinde taslama gatnaşyjylar üçin gapylaryny giňden açdy. Ol ýerde taslamanyň açylyş dabarasy boldy.

Çäräniň açylyşynda KFU-nyň daşary aragatnaşyklar boýunça prorektory Timirhan Alişewiň belleýşi ýaly şu ýyl «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşmaga dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden 3000 haýyşnama gelip gowuşdy.

Netijede, oňa gatnaşmaga 13 ýurtdan, şol sanda Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si çagyryldy.

Bu taslamada Türkmenistana wekilçilik etmek bagty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymyna we talybyna, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dört talybyna nesip etdi.

Taslamanyň açylyş dabarasy tamamlananyndan soň, networking-mejlis hem-de oňa gatnaşyjylar bilen tanyşlyk geçirildi. Gatnaşyjylary «Tomusky uniwersitet» mähirli garşylady we bir ýere jemledi.

Çäräniň myhmanlary üçin iki hepdelik gyzykly we baý maksatnama taýýarlanyldy. Ol aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler: «Emeli aň we Prompt-engineering maglumat tehnologiýalary», «Geljegiň tehnologiýalary: fizika we inženeriýa», «Dil. Medeniýet. Döredijilik», «Binagärlik. Dizaýn. Urbanizm», Business Analytics 5.0: Design and Development of Information Panels with Yandex Data Lens (iňlis dilinde), BRICS+: New Trends in International Relations (iňlis dilinde).

Giň gerimli bilim maksatnamasyndan başga-da, Kazanyň myhmanlaryna medeni çäreler, tanyşlyk gezelençleri, şäher we Respublika bilen tanyşlyk garaşýar.

2021-nji ýylda işe girizilen «Tomusky uniwersitet» atly federal taslamanyň Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň başlangyjy boýunça guralýandygyny hem-de rus bilimini daşary ýurtlarda wagyz etmäge, adamlaryň, medeniýetleriň, milletleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň, rus we daşary ýurtly talyplaryň arasynda aragatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini sözümiziň üstüne goşmak gerek.