Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşiginiň finalçysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşiginiň finalçysy

view-icon 4120
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşiginiň finalçysy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň uçurymy Serdar Rahymow GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşiginiň finalçylarynyň hataryna girdi.

Bäsleşigiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa hem-de halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Umyt Annagylyjowa Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler. Institutyň wekillerine diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Şu aýda bäsleşigiň finalçylary jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin RYA-nyň Ýewropa institutyna we Russiýanyň DIM-niň MDHGI-ne çagyrylar. Onuň çäklerinde finalçylaryň forumy geçirilip, ol gatnaşyjylaryň işleriniň tanyşdyrylyşyny, özboluşly ussatlyk sapaklary hem-de baý medeni maksatnamany özünde jemlär. Finalyň netijeleri boýunça bäsleşigiň ýeňijileri kesgitleniler hem-de olary sylaglamak dabarasy geçiriler.

Finalçylaryň işleri ylmy makalalaryň ýygyndysynda, esasy akademiki žurnallarda çap ediler. Ýeňijilere gymmat bahaly baýraklar gowşurylar. 

Bäsleşik birnäçe tapgyrlaryň çäklerinde geçirildi. Esasy tapgyrda aspirantlaryň, alymlaryň, mugallymlaryň, seljerijileriň we diplomatlaryň ylmy makalalary kabul edildi. Ilkinji gezek gatnaşmagyň tapgyrynda ylmy makalalar bilen talyplar hem-de ýokary bilim edaralarynyň uçurymlary çykyş etdiler. «Düzme bäsleşigi» tapgyryna ýokary okuw mekdepleriň talyplary we uçurymlary publisistik eserleri bilen gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň ýaşy esasy tapgyrda 40 ýaşdan uly bolmadyk, ilkinji gezek gatnaşmak tapgyrynda we düzme ýazmak bäsleşiginde 30 ýaşdan uly bolmadyklar.

Bäsleşige özbaşdak bir ýa-da birnäçe awtorlar tarapyndan ýazylan hem-de «Dünýäniň täze tertibiniň çäkleri: Russiýa we GDA ýurtlary üçin çagyryşlar we mümkinçilikler», «Ylmy diplomatiýa Uly Ýewraziýany kemala getirmegiň serişdesi hökmünde», «Ýewraziýada ýakynlaşmak ugrunda Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň eýeleýän orny we ähmiýeti», «Andreý Gromykonyň diplomatik mirasy», «Beýik Watançylyk we Ikinji jahan urşy: taryhy hakydany gorap saklamagyň meseleleri hem-de taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy göreş», «BMG-niň orny, onuň halkara gatnaşyklar ulgamynda geçmişi we geljegi» ýaly temalaryň öwrenilmegine bagyşlanylyp, ozal çap edilmedik özboluşly makalalar kabul edildi.

GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşigi 2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär hem-de 6 ýylyň dowamynda alnyp barylýan işler 10 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 327-sinden ýaş alymlaryň 2181-den gowragyny birleşdirdi. A.A.Gromyko adyndaky daşary syýasat barlaglary assosiasiýasy, Russiýanyň DIM-niň MDHGI-i, RYA-nyň Ýewropa instituty, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasy bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.