Ï Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 3188

I. 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda, № 4, 116-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 37-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

10-njy maddanyň birinji böleginiň 10-njy bendinde «sertifikatlaşdyrmagy» diýen sözden soň «hem-de garamagyndaky edaralaryň sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmekleri üçin akkreditasiýasyny, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň) akkreditasiýasyny (attestasiýasyny)» diýen sözleri goşmaly;

39-njy maddanyň bäşinji böleginde «epidemiýa» diýen sözi «keselleriň ýaýramagyna» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly.