Ï Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 4944

I. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 4, 98-nji we 109-njy maddalar; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda, 2022 ý., № 2, 24-nji madda, № 3, 84-nji madda) 8-nji maddasynyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmek sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilner.

Pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.»

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly.